OBA HOJALYGYNYŇ ÝEŇIŞLI ÝOLLARY

19-njy awgustda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri, şeýle hem beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Göni wideoaragatnaşykda, ilki bilen, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri ýolbaşçylyk edýän düzümindäki edaralaryň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde güýzlük bugdaý ekişine we ýetişen «ak altynyň» hasylyny ýygnamaga taýýarlyk görlüşi hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmegiň meseleleri barada habar berildi. Oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin, ýer bölekleri uzak möhletli peýdalanmaga berlen ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň alyp barýan işleri, ministrlige degişli bolan taýýar oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen kärhanalardaky işleriň ýagdaýy barada hem aýdyldy. Şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlara, Mary we Balkan welaýatlarynda gant şugundyrynyň ýetişdirilýän meýdanlaryna ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada durlup geçildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk işleri alnyp barlanda, agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmegiň bereketli hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. Oba hojalyk önümçiligini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, gaýtadan işleýjileriň we hyzmat ediş düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagy öňde durýan işleriň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, döwletimiziň eksport babatdaky eýeleýän ýörelgelerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça obasenagat toplumynyň edaralarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň ähli kadalaryny nazara almak bilen, suwdan rejeli peýdalanmagy üpjün etmek boýunça ylmy esasda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Dag çeşmeleriniň suw gorlaryny rejeli peýdalanmak maksady bilen görülýän anyk çäreler hasabatyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan suw howdanlarynda we beýleki suw desgalarynda, şol sanda dag içindäki suw ýygnanýan ýerlerde, şeýle hem «Altyn asyr» Türkmen kölünde ýeterlik suw gorlarynyň bardygyny belledi. Eziz Diýarymyzda ekologiýanyň gowulanmagy, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi howanyň arassalygyny we çyglylygyny artdyrmaga, adamlaryň oňaýly ýaşamagy üçin amatly gurşawy döretmäge, netijede bolsa, suw gorlaryny köpeltmäge ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz bar bolan suw gorlaryny netijeli peýdalanmak, suwaryş ulgamlarynyň işini ylmy esasda kämilleşdirmek we pudaga täzeçil tehnologiýalary hem ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary milli Liderimize ýurdumyzyň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýyny barlamak maksady bilen, welaýatlar boýunça guralan iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem maldarçylyk toplumlarynyň gyş möwsümine taýýarlanylyşy, at çapyşyklarynyň güýzki möwsümini guramak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz wisepremýere öňde boljak jogapkärli oba hojalyk möwsümini geçirmegiň meseleleri bilen bagly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini döwrüň talabyna laýyk ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Jemgyýetçilik ulaglarynda edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak, onuň halkara ülňülere laýyk gelmegi berk talap bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylynyň başlaýandygyny nazara alyp, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň bilim edaralaryna öz wagtynda baryp bilmegi üçin, awtobuslaryň hereketinde hiç hili bökdençligiň ýüze çykmazlygy babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň netijeliligi esasynda ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň hili we möçberleri ýokarlanýar.

“Nesil” gazeti,

22.08.2019ý.