SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher bölümi bilen bilelikde, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriň oglanlarynyň gatnaşmagynda, 4-nji sport mekdebinde “Sport – gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” atly şygar astynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşik ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşikde “Ruhubelent”, “Berkarar” toparlary özara ýaryşdylar. Bäsleşik diýseň gyzykly we şadyýan ýagdaýda geçdi. Bu bäsleşikde “Ruhubelent” topary ýeňiji boldy. Ýeňiş gazanan hem-de işjeň gatnaşan toparlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar