AÝDYMÇY (HEKAÝA)

Indi bir hepde bolandyr, Sähragül daýzany agtygy Nurýagdy gününe goýanok. Her gün mekdepden geldigi şol bir aýdanyny gaýtalar. “Ene, aý ene, şenbe güni täze gurlan medeniýet öýümizde ýaş höwesjeňleriň baýramçylyk dabarasy boljak. Men şonda aýdym aýdýan. Sen hökman baryp göräýmeli, meniň aýdym aýdyşymy diňlemeli. Meniň nähili aýdym aýdyşyma ilki bahany sen bermeli”. Agtygynyň haýyşdygyny, talapdygyny bilip bolmajak äheňine Sähragül daýza ýylgyrar. Soňam başyny sypap, “Bor, köşegim, baraýaryn. Sen aýdym aýdýan bolsaň, hökman diňlemeli bolar. Men häzirem aýdyp biljek, sen aýdymy gaty gowy aýdarsyň. Sebäbi, seniň kakaň hem aýdym aýdýar, bir ömür medeniýet ulgamynda işläp gelýär. Şonuň üçin sen hem, kakaň ýoluny dowam etmeli ahyry” diýip, agtygynyň göwnüni awlar. Ahyry aýdylan gün hem ýetip geldi.

Ulagdan düşen Sähragül daýza ilki bilen täze salnan medeniýet öýüniň daş-töweregini, kaşaň binasyny synlady. Ýaş nahallardan doly meýdançanyň ortasynda gurlan medeniýet öýüniň täze binasy etrap merkezine görk berip  otyr. Içine girip, agtygynyň haýyşy boýunça iň öňdäki hatarda oturan Sähragül daýza sahnany synlap, “Her  döwrüň öz mynasyp medeniýet öýleri bolýar. Biziň ýaş wagtymyzdaky, zähmet çeken döwrümizdäki medeniýet öýleri bilen deňeşdireniňde, gaty kän tapawut bar. Bularyň ählisi hem, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň aladalarynyň netijeleri. Häzirki ýaşlar iň bir bagtly döwrüň ýaşlary, bize-de şu bagtyýar döwürde ýaşamak, şu eşretleri görmek miýesser etdi. Şonuň üçin, tutuş halkymyz bagtyýar” diýip içini gepletdi. Köp wagt geçmän ýaş  höwesjeňleriň çykyşlary başlandy. Sähragül daýza biri-birinden naşyja körpeleriň yhlas bilen ýerine ýetirýän aýdymlaryny hezil edip diňledi. Gezek agtygy Nurýagda gelende onuň ýüreginde birhili tolgunma döredi. Gelşiklije geýnen agtyjagynyň sahna çykmagyna-da tolgunandyr welin, agtyjagy aýdymy ýerine ýetirip başlanda, onuň gözlerinde biygtyýar gözýaşlar peýda boldy. Ol bir pursat nirede oturanyny unudyp, ýaşlyk ýyllaryna dolananyny duýman galdy.

Ýekeje ogly bilen ýalňyz galan Sähragül durmuşdan ejizlemedi. Ogly Rehmedi hor-zar etmejek bolup, bilini berk guşap zähmet çekdi. Günleriň birinde agasy Nepes oňa medeniýet öýünde tämizleýji bolup işe ýerleşmäge ýardam etdi. Zähmetden basylmany, ýadamany-ýaltanmany bilmeýän Sähragül bu iş bilen hem öwrenişip gitdi. Bir tarapdan medeniýet öýünde geçirilýän aýdym-sazly çykyşlary diňlemek, medeniýet işgärleriniň taýýarlyk işlerini synlamak oňa ruhy lezzet berýärdi. Öz ýanyndan “Şu medeniýet işgärleri mydama aýdym-sazyň, söhbediň içinde gezensoňlar, garramak diýen zady bilmeýärler. Öz ýaşlaryndan gaty ýaş görünýärler. Menem mydama medeniýet işgärleri bilen bile işläp ýörün. Men hem aňsat-aňsat garramaryn” diýip, öz-özüne göwünlik berýärdi. Rehmet hem okuwdan soň baryp, ejesine suw daşaşýardy, üýşürilen hapa-hupalary dökmäge kömekleşýärdi. Agşamlyk öýe ejesi bilen bile gaýdýardy. Arasynda medeniýet öýüne gatnaýan ýaş höwesjeňleriň çykyşlaryna tomaşa edip, özüniň hem şolar ýaly çykyş edesi gelýärdi. Bir gün teleýaýlymda “Döwranyň başyndan geçirenleri atly” kinofilmi gördi. Nädip ýatlanyny özi hem duýman galdy. Şondan soň bar işi hiç kim ýok ýerinde şol aýdymy  aýtjak bolup hiňlenip ýörmek boldy. “Gaýtalamak – bilimleriň enesidir” diýleni ýaly, şol ýadaman-ýaltanman gaýtalap, hiňlenip ýörşüne bu aýdymy aýtmaga ökdeläp gidenini duýman galdy. Bir günem mekdepden soň ejesiniň ýanyna baranynda Sähragül gelneje:

-Oglum, men işgärler bilen Oguljan gelnejeňi görüp gaýtmakçy. Ol ýaranokmyş. Sen ýaltanmasaň howlyny arassalaý. Ýetişseň, uly güpi süýji suwdan dolduryp goý. Onýança menem gelerin. Galan işleri bileje ederis – diýdi. Rehmet sessiz baş atyp oňdy. Hemmeler gitdi diýip pikir eden Rehmet howlyny arassalamaga başlady, hemem endigine görä şol öwrenen aýdymyna hiňlenmäge durdy. Medeniýet öýüniň bölüm müdiri Çary aga öz iş otagynda stoluň başynda öz işleri bilen gümrady. Birden onuň gulagyna birhili ýakymly ses eşidilýän ýaly boldy. Ol edip oturan işini goýup, daşary diň saldy. Çary aganyň özüni diňläp duranyndan bihabar Rehmet bolsa, barha joşýardy:

Şat dünýämde şat oýnaýan men, oýnaýan,

Şat dünýämde şat ýaýnaýan men, ýaýnaýan,

Elwan, elwan, lälezarlykda jan,

Çasly çaýlar dek joşup gaýnaýan.

Oglanjygy mazaly diňlän Çary aga “Tüweleme, Sähragülüň oglunyň şeýle gowy sesi bar  eken-ä. Biz edil alkymymyzda duran zehini görmän, gör nirelerden gözläp ýörüs. Bu oglanyň üstünde gowy edip işleseň, geljekde mundan ussat aýdymçy çykarmak bolar. Men ejesi bilen gürleşip göreýin-de, muny topara kabul edeýin” diýdi. Çary agadan eşden gürrüňine, eden teklibine birbada Sähragül ynanmajak boldy. Düýş görýändirin öýtdi. Sährägülem begendi welin, bu habary eşden Rehmediň begenjini hiç bir zat bilen deňär ýaly däldi. Özem ol aýdym aýtmaklyga şeýle bir yhlas bilen ýapyşdy welin, köp wagt geçmänkä eden yhlasy miwe-de berip başlady. Ilkinji gezek öz oglunyň sahnada aýdym aýtmaga çykanyny gören Sähragülüň şol wagt düşen ýagdaýyny söz bilen beýan eder ýaly däldi. Şeýdip, etrap medeniýet merkeziniň ýaş höwesjeňler toparyndan başlanan ýol Rehmedi paýtagtymyzdaky medeniýet institutyna alyp geldi. Instituty tamamlap, ýene-de etrap medeniýet bölüminde işe başlady. Birnäçe ýyl bu ýerde zähmet çekdi. Maşgalaly, ogul-gyzly boldy. Birwagtky Sähragül gelneje indi agtyklaryny daşyna üýşürip oturan Sähragül daýza boldy. Rehmet hem medeniýet ulgamynyň Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gaýtadan dikeldilip, täzeçe öwüşginlere beslenmegi netijesinde, geňeşlikleriň birinde döredilen oba medeniýet öýüne müdir bellenildi. Iki ogluň hem-de üç gyzyň kakasy bolan Rehmediň kärini indi çagalary dowam etmäge synanýarlar. Esasan hem, iň körpe Nurýagdynyň aýdym aýtmaga yhlasy gaty zor.

Batly el çarpyşmalar Sährägül daýzany ukudan oýanan ýaly etdi. Geçmişine syýahat edip oturuşyna, nirede oturandygyny unudaýan bolsa nätjek! Görse Nurýagdy aýdymy aýdyp bolupdyr. Agtygyny üns bilen diňläp bilmedigine birhili gynanjak boldy. Ýöne töweregindäkilere syr bildirmejek bolup, yhlas bilen el çarpan boldy. Dabaranyň ahyrynda alyp baryjy tomaşaçylara ýüzlenip:

-Ine, biziň baýramçylyk dabaramyzyň hem tamamlanmagyna az wagt galdy. Medeniýet merkezimiziň ýaş höwesjeňleriniň eden çykyşlary siziň göwnüňizden turandyr diýip, umyt edýäris. Eger-de söz sözlejegiňiz ýa-da teklipleriňiz bar bolsa, baş üstüne – diýdi. Sähragül daýza özi söz sözläp bilmejegini aňdy-da, gapdalynda oturan gelniniň ýeňinden çekip, nämedir bir zatlar diýdi. Gelni hem alyp baryja onuň aýdanlaryny ýetirdi. Baýramçylyk dabarasyny alyp barýan ýaş ýigit baş atdy-da, orta çykyp gürlemäge başlady:

-Hormatly tomaşaçylar, biziň şu günki baýramçylyk dabaramyza medeniýet ulgamynda ençe ýyl zähmet çeken, häzir bolsa hormatly dynç alyşda gezip ýören Sähragül daýzamyz gatnaşyp otyr. Özem şu dabarada onuň agtyjagy, medeniýet merkezimiziň ýaş höwesjeňi Nurýagdy Rehmedow çykyş etdi. Sähragül daýzamyz bizden ýene-de bir gezek agtygynyň sahna çykyp, şol aýdymy ýerine ýetirip bermegini haýyş edýär. Biz hem Sähragül daýzamyzyň haýyşyny uly höwes bilen ýerine ýetirýäris –  diýip, Nurýagdyny sahna çagyrdy.

Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda sahna çykyp gelen agtygyny mähir bilen synlan Sähragül daýzanyň ýene-de bokurdagy doldy. Onuň göwnüne bolmasa, sahnada agtyjagy Nurýagdy däl-de, bäşinji synpda okap ýören ogly Rehmet aýdym aýdyp duran ýalydy.

 

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

ÇAGALAR BAGYNDAKY ŞADYÝANLYK

24 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEBI AGŞAM GEÇIRILDI