Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň noýabr aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 26-njy orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil ýaşlary-bagtyýar geljegiň binýady” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler «Sagdyn beden — sagdyn ruh» düşünjesini durmuş ýörelgesine öwren halkymyzyň ýaş raýatlarynyň aň-düşünjesi bu günki günde watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp duýgulara ýugrulandyr. Terbiýe bilen bagly asylly ýörelgeleriň her biri halkymyzyň gadymy däplerinde öz beýanyny tapan özboluşly milli mekdepdir. Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşip, çagalara ýaşlykdan iň gowy gylyk-häsiýetleri öwredipdirler, diýip giňişleýin gürrüň berdiler.
Muhammet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.