Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Kaka etrap häkimliginiň garamagyndaky 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň hasda belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan biz ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredilýändigi dogrusynda gürrüňler berildi.
Ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.