BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda geçirilen Ahal welaýat tapgyrynda mekdep okuwçylary üç ugur boýunça bäsleşdiler. Bäsleşik Türkmen dili, Iňlis dili, Tebigy we takyk ugurly okuw dersleri bolup, 9-11-nji synp okuwçylar düzme ýazmak boýunça bäsleşdiler. Türkmen dili ugry boýunça Tejen şäheriniň Tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Garaýewa Ogulsadap, Iňlis dili ugry boýunça Ak bugdaý etrabynyň Takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Saparowa Leýli, Tebigy we takyk ugurly okuw dersi boýunça Tejen şäheriniň Tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Bekmyradowa Güljeren dagylar üstünlikli çykyş edip Düzgünnama esasynda Döwlet derejesindäki geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA