WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 30-njy noýabrnda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 28-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, ähli bilim edaralarynda bilim alýan hem-de oba ýaşlarynyň arasynda watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, millilik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen ,,Arassa ruhy tämiz halk beýikdir” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çykyşlarda halkymyzyň döreden baý ruhy ahlak gymmatlyklary, zenanlara mahsus gylyk häsiýetler, ata-babalarymyzdan miras galan edim gylymlar, maşgala mukaddesligi, zähmetsöýerlik hakdaky gürrüňe aýratyn üns çekildi hemde oňa gatnaşyjy ýaşlara şonuň bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar  täze taryhy döwrümizde milli mirasymyza aýratyn sarpa goýup, asylly ýörelgelerimiziň dowam etdirilmegi ugrundaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Muhammet DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Meňzeş habarlar

03 Fewral 2025 | 0 okalan

BEDEWLERIMIZIŇ ARŞA GÖTERILEN ŞÖHRATY

31 Ýanwar 2025 | 51 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 72 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR