Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde gurluşyk pudagy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarymyzda täze ýaşaýyş jaýlar toplumy, durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalar, iri zawodlardyr fabrikler bina edilýär. Olar enjamlaşdyrylyşy taýdan häzirki zaman halkara talaplaryna laýyk gelýär. Önümçiligi ýola goýlan gurluşyk harytlary diňe bir ýurdumyzyň däl-de, hyzmatdaş ýurtlaryň bu önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, hyzmat etdi. Bu günki günde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen şygary üstünlikli amala aşyrylýar.
Bilşimiz ýaly Gahryman Arkadagymyz taýsyz tagallasy netijesinde Arkadagly Serdarymyzyň dowamaty bilen, Ýaşlarymyzy telekeçilige çekmek, olara goldaw bermek ýaly uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda açylýan desgalar, durky täzelenýän binalar, durmuş maksatly gurulýan binalar, şaýollar, köçeler, döredilýän täze obalar eziz diýarymyzda eşretli durmuşda ýaşamaga, ýaş nesillerimiziň, okap bilim almaga, raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamaga gönükdirlendir.
Häzirki wagtda Ahal welaýatymyzda yzygiderli gurluşyklar dowam etdirilýär, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Ýaş telekeçiler tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri welaýatymyzyň çägi barha giňäp, gözelleşýär.Türkmen telekeçiler “Joşgun bina”, “Buýsanç” “Beýik bina” ýaly birnäçe hususy kärhanalary häzirki wagtda toplumlaýyn gurluşyk işlerini alyp barýar.
Mälim bolşy ýaly, ynha şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde 4 gatly 48 öýli jaý açylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat, etrap edara kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, Medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda bu dabara guramaçylykly geçirildi. Täze açylyp ulanylmaga berlen döwrebap jaýlary ähli amatlyklary öz içinde jemleýär.
Türkmen ýaşlarynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, döretmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Mähri GURDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.