SARYMSAGYŇ ADAM SAGLYGYNA PEÝDALARY

Sarymsak gadymy döwürlerden bäri adamzat tarapyndan hem iýmitlik, hem dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Maglumatlara görä, sarymsak gadymy müsürleriň, saçagynda hökmany bolmaly nygmat ekeni. Hatda faraon Tutanhomynyň aramgähinde hem sarymsak dişleri tapylypdyr. Şeýle-de taryhdan belli bolşy ýaly, öňki döwürlerde dürli kesellere ýolukmazlyk üçin agyr işlerde zähmet çekýän adamalara ýörite sarymsak berlipdir. Munuň sebäbi sarymsagyň peýdaly ýokumlara hem-de witaminlere baý bolmagy bilen düşündirilýär. Sarymsak beýleki önümlerden diňe ajy tagamy bilen däl, eýsem özboluşly ysy bilen hem tapawutlanýar. Bu peýdaly ösümlik bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar, witamin ýetmezçiligiň öňüni alýar. Güýz gyş aýlarynyň sowuk hem-de çigrek howa şertlerinde sarymsagyň sowuklamadyr dümewlemäniň öňüni alýan täsiriniň bardygy anyklandy. Çünki onuň düzümindäki allisin  güýçli tebigy antibiotik hasaplanýar. Geçirilen barlaglara görä, sarymsak günde iýlen halatynda sowuklama ýolukma ýagdaýy 60 göterime golaý kemelýär. Şeýle-de ter sarymsak gakylygyň çalt gopmagyna ýardam edýär.Şonuň üçin hem howanyň sowan döwri sarymsagy gündelik iýmitiňe goşmak ähmiýetlidir.

Sarymsygyň düzümi A, E,C, B1, B6 hem-de K witaminlerine, aminokislotalara, kaliý, klasiý, margenes, sink we selen ýaly mineral duzlara, ýoda baýdyr. Selen bedeniň onkologiki kesellere garşy göreşmegiň öňyn täsir edýär, .B6 witamini kelle beýniniň işini kadalaşdyrýar, serotoniniň –“bagt gormonyň” bölnüp çykarylmagyny kadalaşdyrylýar. Halk tepçiliginde sarymsak iýmit siňdirşi kadalaşdyryjy serişde hökmünde ulanylýar. Ol işdä açýar, iýmit siňdiriş fermentleriň we ödüň bölnüp çykyşyny güýçlendirýär, şeýle-de onuň içege agyrsyny aýyrmaga we rahatlandyrmaga oňat täsiri bardyr.

Sarymsak damarlaryň çeýe bolmagyny üpjün edip, onda dykynyň emele gelmeginiň öňüni almaga oňat täsir edýär, gan aýlanşygyny kadalaşdyryp, ýürege düşýän agramy kemeldýär. Onuň düzümindäki fitonsidler bakteriýalaryň, wiruslaryň köpelmegiň öňüni alýar. Dümewlemede sarymsak bilen garylan bal peýdaly bolar. Onuň üçin 5-6 diş sarymsagy owradyp, bir nahar çemçesi bal bilen garamaly.  Bu şypa beriji tagamy nahardan soň bir çaý çemçesi möçberinde iýmeli. Ýa-da 0,5 litr möçberindäki duran mahaly oňa üç diş sarymsak goşmaly. Sarymsak ýumşansoň ony ýençmelide süýde siňer ýaly garmaly. Içgi sowansoň, günüň dowamynda bir gezek içmeli.

Ähli döwürlerde-de sarymsak kesellerden goraýjy dermanlyk ösümlik hasaplanypdyr. Dünýä aşhanada onuň ter, guradylan, duzlanan görnüşi, ýagy giňden ulanylýar. Häzirki wagtda sarymsak dürli naharlara, şdäaçarlara, gaplanan önümlere, hat-da kemputdyr doňdurma-da goşulýar. San-Fransisko şäherinde ýerleşýän “Garlic” atly garbanyşhanada müşderilere hödür edilýän ähli tagamlaryň düzüminde sarymsak bolup, ony hat-da süýji mürepbelerden taýýarlanan şirinliklere-de goşýarlar.

 

Mähri GURDOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA