SAZ SÖHBEDE BESLENDI

2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň gurnamagynda we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahat Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Medeniýet öýünde dowam etdi. Dabaranyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyndan gelip çykan wezipeleri ýaşlara düşündirmek maksady bilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar; ynamly ädimler bilen beýik menzillere tarap’’ atly  aýdym-sazly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi hakynda we Mähriban Arkadagymyza Türkmenistanyň Milli Lideri diýen belent adyň dakylmagy barada çykyş edenler uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Soňra täsirli geçen hoşallyk maslahaty Medeniýet Öýiniň sungat ussatlarynyň ýerne ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara uly orun berildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Milli Lidermiziň Arkadagly Serdarmyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagynyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan belent maksatly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Rüstem ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

18 Iýun 2025 | 45 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

04 Iýun 2025 | 150 okalan

AHAL WELAÝATYNDA GALLA ORAGYNA GIRIŞILDI

03 Iýun 2025 | 182 okalan

BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY