Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň bark urýan, tebigatyň durkydyr howasy bilen täzelenýän döwridir. Bu paslyň ilkinji günlerinde, ýagny, 8-nji martda Halkara zenanlar güni dünýä ýüzünde giňden bellenilýär. Dünýä ýurtlarynda bellenilip geçilýän bu baýramçylygyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri hem zenanlaryň zähmete bolan hukuklarynyň goralmagy hem-de ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine goldawlara mynasyp bolmaly diýen düşünje bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlary dürli ulgamlarda özleriniň ruhy, intellektual we ahlak mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanýarlar. Türkmenistanyň zenanlary — täze taryhy eýýamy döredijiler, tutanýerli zähmetkeşler. Olar milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek bilen, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Erkek adamlar bilen deň hatarda döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet hem-de saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýärler, telekeçilik işlerini alyp barýarlar, Watanymyzyň ägirt uly gazananlaryna uly goşant goşýarlar. 8-nji mart baýramy zenanlara bolan çäksiz söýgini sungatyň üsti bilen beýan etmek, olaryň gözelligini we ajaýyplygyny wasp etmek üçin şanly senedir. Türkmen nusgawy edebiýaty zenanlara çäksiz söýgä hem-de olara sarpa goýmak duýgularyna beslenendir. Magtymgulynyň we Mollanepesiň, köp sanly beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri beýik milli döredijiligiň ajaýyp nusgalarydyr, olary aýal-gyzlaryň ajaýyp häsiýetleri döredijilik belentliklerine ruhlandyrypdyr, halkymyzyň ene ýüregi, olaryň aýratyn mähre ýugrulan hüwdüleri barada döreden, dilden-dile geçip gelýän rowaýatlary türkmenlerde enäni mukaddeslik hökmünde sarpalamak ýörelgelerini kemala getiripdir. Türkmen zenanlary nepis halylary dokamak, keçe basmak, milli nagyşlary döretmek sungatyny kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetirdiler, bu senede olaryň çeper zehini, arzuw-hyýallary öz beýanyny tapýar. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç okuw hünär okuw mekdebi bilen bilelikde talyplaryň, gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat baýramçylyk çäresi geçirildi.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.