Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň: “Siziň ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraý, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatydyr” diýen sözlerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan pikir-garaýyşlaryny ösdürmek, bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek, olaryň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde 2-4-nji synplarda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry boýunça geçirilen iň eýjejik gyzjagaz
Bäsleşigiň şertleri:
- Bäsleşigimiziň birinji şerti boýunça Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli (4 minut wagt berilýär).
- Bäsleşigimiziň ikinji şerti boýunça milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmeli (3 minut wagt berilýär).
- Bäsleşigimiziň üçünji şerti boýunça gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşerler.
Ýeňişli orunlara mynasyp bolan eýjejik gyzjagazlaryň sanawy:
№ |
Ady, familiýasy |
Okaýan ýeri |
Orunlar |
|
Fatima Orazgeldiýewa |
Aşgabat şäheriniň 80-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 3-nji “B” synp okuwçysy |
1-nji orun |
|
Medine Babaýewa |
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiniň 2-nji “A” synp okuwçysy |
2-nji orun |
|
Aýlar Allaberdiýewa |
Aşgabat şäheriniň 38-nji orta mekdebiniň 3-nji “A” synp okuwçysy |
3-nji orun |
|
Nurana Ataberdiýewa |
Birleşen Arap Emirliginiň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan Adyndaky Döwletliler köşgüniň 3-nji “A” synp okuwçysy |
3-nji orun |
Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň emin agzalary bolup adalatly baha berdiler. Şeýlelik-de 1-nji we 2-nji orunlara mynasyp bolan gyzjagazlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde “Arkadag serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda bilim alýan gyzjagazlaryň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmana hukuk gazandylar. “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşikde öz deň-duşlaryndan has-da tapawutlanyp, ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlara şeýle hem bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşan beýleki gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary, minnetdarlyk hatlary, sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Laçyn ANNAORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň hünärmeni.