Zenan diýlende, ilki bilen ahlak taýdan arassa, merdem, parasatly, ojak eýeleri göz öňüňde janlanýar. Zenanlar ýöne ýerden bahar paslynyň ýazlaryna deňelenok. Bu pasla mahsus ähli ajaýyplyklar mährem gelin-gyzlaryň häsiýetlerinde jemlenýär. Olaryň gülden görkli nurana ýüzleri, jana ýakymly şirin sözleri, melhem ýaly mylaýym elleri umuman, tebigatyň ähli gözelliklerini olaryň päkize gözlerinden görmek bolýar. Biz dünýäde bar bolan mukaddeslikleriň ählisini zenanlarymyza deňeýäris. Çünki diňe zenanlar mukaddesliklere deňelmäge mynasypdyrlar. Kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda özleriniň saldamly goşandyny goşýan zenanlarymyzyň baýramçylygy her ýylyň 8-nji mart “Halkara zenanlar güni" hökmünde dünýäniň ähli sebitlerinde halkara derejesinde giňden bellenilip geçirilýär. Ynha, bu baýramçylyk günlerinde hem Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Bagtyýarlyk etrap Zenanlar bölümi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimizi milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän edim-gylymlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dowam etdirmekden, uzyn saçly türkmen gyzlarynyň sanynyň köpelmegini gazanmakdan ybarat. “Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar” ýylynda giňden bellenilýän 8-nji mart “Halkara Zenanlar güni” mynasybetli etrabyň çäginde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde, ýörite hünär okuw mekdeplerinde we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan, saçlary uzyn talyp gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Goý, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha artýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, belent sepgitlere ruhlandyrýan güler ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belent bolsun! Zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de mynasyp zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly serdarymyzyň, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun!
Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk
Bölüminiň esasy hünärmeni.