Bu gün türkmen halky Milli bahar baýramyny milletimiziň edebi agzybirliginiň jebisligini, bagtyýarlygynyň nyşany hökmünde garşy alýar. Dürdäne halk döredijiligimizde, gadymy rowaýatlarymyzda, şirin-aýdym sazlarymyzda, amaly-haşam sungatymyzda nowruz pelsepesiniň öz hakyky beýanyny tapmagy halkymyzyň bu baýramyň mazmunyny asyrlar boýy baýlaşdyryp gelýändigine hem-de mizemez däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýändigine şaýatlyk edýär. Halkymyz her bir pasly uly arzuwlar bilen garşylaýar. Biziň ata-babalarymyz bahar paslynyň gelmegine mydama ýaşaýşyň, täzeden döreýşiň alamaty hökmünde garapdyrlar. Pasyllaryň soltany bahar özünde ähli gözelligi jemleýär, çünki bu döwürde otlar maýsalap, güller açylýar, agaçlar pyntyklap, ýaşyl öwüsýär. Eziz diýarymyzyň gözel keşbi öňküsindenem nurlanyp, goja zemin gül-pürçege bürenýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban diýarymyzda toýlar- toýa ulaşýar. Her bir toý baýramyň dabarasyny uludan tutmak bolsa halkymyzyň asylly däbine öwrüldi. Bu gün ilimize özüniň köküni gadymdan alyp gaýdýan, şatlygyň we täzelenişiň, jebisligiň toýy bolan Milli Bahar baýramy-Nowruz geldi. Türkmen halkynyň taryhy özüniň süňňünde baý medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny ebedi saklap gelýär. Onuň dowamaty Nowruz baýramynda şöhlelendirýär. Onuň kökleri biziň milliligimizden taryhymyzdan özboluşly ruhy dünýämizden gözbaş alýar. Nowruz türkmen halkynyň galyberse-de Gündogar haklarynyň gadymdan baýramydyr şol maksatlardan ugur alyp Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 16-njy saglyk öýüniň mejlisler zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda “Nowruz geldi ilime güller açýar diýarym” atly şygar astynda wagyz-nesihat hem-de maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Lidermiziň Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.
Mährijemal AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.