Hemmeler birek-biregi mübäreklemäge howlugyp, toý üýşmeleňine ýönelýärler. Bärden barylýar welin, giň sährada jümjümeli güllerdir terje otlaryň dürterşip çykyp durmagy, ho-ol uzaklarda eliň aýasynda ýaly bolup görünýän owlak-guzularyň ine-gana otlap ýörüşleri, töwerekde oglan-gyzlaryň: «Aýterek-günterek, bize Nowruz atly oglan gerek» diýşip, milli oýnumyzyň özboluşlylygyny döredip duran pursatlary, berdaşly bilekli oglanlaryň bil tutuşyp, garşydaşyny hallan atdyrjak bolup, türkmen göreşini tutuşlary, çakganlylar ýaglyga towusmaklary hakydaňy arzuw-umytlar bilen, buýsanç-guwanç duýgular bilen doldurýar.
Hatar-hatar ak öýler dikilen. Golaýynda gül döredip, keçe basýan gelin-gyzlar milliligi janlandyrýarlar, saçlary iki örümli gulpaklyja gyzlar bolsa, türkmen gyzyna mahsus edep-ekramy bilen terbiýäniň ajaýyp nusgasyny görkezýärler, el ýardamçylaryna öwrülýärler.
Halkymyzyň mukaddesligi saýylýan tamdyrdan gyzgynjak mele-myssyk çöregi sowujak suwa batyryp, çülpeje çagajyklara paýlap duran enäniň şol pursadyny fotoenjamy arkaly müdimileşdiresiň gelýär. Bu seni biygtyýar özüne maýyl edýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň «Aşgabat» gazeti bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Gelse Nowruz äleme» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Surat boýunça ýere Watan gazetiniň fotosuratçysy Maksat Gylyjow, Goşgy ýazmak boýunça 1-nji ýere Miwe Ataýewa, Makala boýunça 1-nji ýere Welidat Hudaýnazadow dagylar mynasyp boldular.
Bäsleşigiň esasy maksady Nowruz baýramynyň gözelliklerini, milli gymmatlyklarymyzy, ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerimizi ýaýmakdan, wasp etmekden, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary, çeper söz ussatlaryny, şeýle hem fotosuratçylary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy —Halkara Nowruz güni Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň we taryhy-medeni gymmatlyklarynyň rowaçlanmasynyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna berk ornaşan, parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan Nowruz baýramy ýurdumyzda ýokary derejede bellenilip geçilýär.
Toý jümmüşinde daş-töweregiňe diňşirgenip dursaň, bir ýerlerden gopuzyň jadyly owazy gulagyňa geler. Şol tarapa ýöräp başlarsyň welin, birden, gudratly aýdymdyr saza sakga saklananyňy duýman galarsyň. Silkme telpegini ikiýana çaýkap, aram-aram gök çaýdan süzüp, şatutdan ýasalan dutarynyň kirişlerine uly ynam bilen kakýan bagşynyň: «Eheeeý... Arkadagly Serdar bilen öňe barýas, öňe barýas, toý donuny geýip, toýa barýas, toýa barýas...» diýen joşgunly aýdymyna synyň oturar. Bu hoş owaza imrinip, gulak bilen göze öwrülýärsiň. Arasynda: «Haý, berekella bagşy, çal bagşy, joş bagşy» diýip, goşulyp goýberýärsiň. Owaz bolsa, ýüregiň damarlaryny yzarlap, kalbyň taryna kakyp goýberýär.
Biz Nowruz baýramyny bellesegem ýa Gurbanlyk toýuny toýlasagam, hiňňildikde uçýarys. Ine, Nowruz baýramynyň giň gerimli dabarasynda hem oglan-gyzlar uly şatlyk-şowhun bilen hiňňildigiň ýakymyna-ýalkymyna, lezzetine berilýärler. Hiňňildike uçup, toýa özboluşly öwüşgin çaýýarlar.
Goý, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türkmen ýaşlarynyň döwrebap ahlak keşbi, ruhubelent ösüşi, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy babatda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri elmydama rowaç bolsun.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.