GÜL-GÜLÜSTAN BAGY-BOSSAN, ATA WATAN TÜRKMENISTAN!

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda ekologiýany goramaga, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmaga uly üns berilýär. Ata Watanymyz sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, BMG-niň bu ugurdaky ýörite edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramaga degişli birnäçe maksatnamalaryna, Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna, Biologik dürlülik hakyndaky, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça, Serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri goramak we peýdalanmak boýunça Konwensiýalaryna goşuldy. Şeýle-de ýurdumyzda hereket edýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň kabul edilmegi tebigatyň ygtybarly goragyndan habar berýär. Görnüşi ýaly, ekologiýa abadançylygyny saklamak we tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugrudyr.

Ähli döwürlerde bolşy ýaly, ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri, tebigatdan paýhasly peýdalanmagy, ony gorap saklamagy ündäpdirler. Bu günki günde bolsa, türkmen halkyna ajaýyp tebigatymyzy goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak baradaky düşünjeleri bermegiň uly ähmiýeti bardygyny bellemek ýerliklidir. Şeýlelik-de, ata – babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, Arkadagly Serdarymyz bag ekmek ýaly sogaply işlerde öz şahsy göreldesini görkezýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdany has giňeýär we bagy- bossanlyga bürenýär. Eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň golaýyndaky dag eteklerine bag nahallary yzygiderli ekilýär. Bu işler halkymyzy ekologiýa taýdan terbiýelemäge we olarda zähmet endiklerini kemala getirmäge ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykaran 457-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan döwletimizde 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekmegi, däbe öwrülen ekologiýa tutumlarynyň nobatdaky beýany boldy.

Şu gün, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 18-nji martynda Mary etrabynyň Mary-Aşgabat gara ýolunyň 28-nji kilometrliginde bag oturtmagyň ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary derejede-hakyky zähmet baýramçylygynyň ruhunda geçirildi. Bag ekmek ýaly sahawatly işe biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň agzalary bolup, işjeň gatnaşdyk. Bu ýowar ählimizde uly täsir galdyrdy. Saýalyk, pürli, dürli we miweli baglaryň ençemesi uly joşgun bilen ekildi. Ekilen baglaryň netijesinde gök öwüsýän baglar, owadan seýilgähler emele gelýär, bu bolsa adamlara keýpiçaglyk we şadyýanlyk getirýän amatly howa ýagdaýyny döredýär.

Mahlasy bag ekmek ýaly sogaply işleriň yzygiderli geçirilmegi, ýurdumyzyň bagy-bossanlygyny artdyryp, türkmen tebigatynyň gözelligini has-da artdyrýar we arassa, päkize, howa adamlaryň saglygyna şypa berýär. Bu işler aýratyn hem ýaşlary ekologiýa taýdan terbiýelemäge hem-de olarda zähmet endiklerini kemala getirmäge ýardam berýär.

Biz hem geljek-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda tebigaty goramakda we ony aýawly saklamakda alyp barýan işlerine özlerimiziň mynasyp goşantlarymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde biz ýaşlara görelde bolýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar