BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GÜNI

Her ýylyň aprel aýynyň 7-de bütindünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Bütindünýä Saglyk güni giňden bellenilýär. Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge şeýle hem sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilen. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 194 agza döwletden ybaratdyr ol Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, onuň esasy wezipesi dünýä ilatynyň halkara saglyk meselelerini çözmekden ybaratdyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 1948-nji ýylda esaslandyryldy we onuň merkezi Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Konstitusiýasy tassyklanyldy, we şol günden bäri 7-nji aprelde “Bütindünýä Saglyk güni” hökmünde bellenilýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy her ýyl Bütindünýä Saglyk gününi bir mowzuga bagyşlaýar, hem-de 7-nji aprelden soňra hem köp mahabat çärelerini geçirýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş müdiri şu güne bagyşlanan ýyllyk habarlaryna üns berýärler. Her ýyl aprel aýynda Bütindünýä Saglyk günine bagyşlanan çäreler bütin dünýäde başlaýar. 1948-nji ýylda 7-nji apreliň Bütindünýä Saglyk güni hökmünde bellenilmegi bilen bu güni halkara derejesinde bellemek däbe öwrüldi. Günüň çäreleri adamlar saglygyň durmuşynda nämäni aňladýandygyna düşünmek üçin geçirilýär.

Bütindünýä Saglyk gününiň esasy mowzugy, ählumumy saglyk gurşawydyr. Esasy maksat, ähli adamlara zerur bolan saglyk hyzmatlaryny zerur bolanda, göni ýaşaýan ýerinde we hiç hili kynçylyksyz ulanmaga mümkinçilik bermekdir. Saglygy goraýyşyň ählumumy gurşawy baradaky pikir, ähli adamlaryň zerur wagtynda maliýe kynçylyksyz ýokary hili saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmekdir.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy saglygy ösdürmek we esasan hem sagdyn durmuş ýörelgeleri hökmünde bedenterbiýe işjeňligini ýokarlandyrmak üçin “Sözlerden amallara çenli batyrgaý geziň” atly global hereketi başlatmagy we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň web sahypasynda hasaba alynmak arkaly bu çärä goşulmagy teklip edýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýenede bir möhüm bölegi sagdyn iýmitleniş ýörelgeleridir. “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy barada” Federal Kanun işläp düzülip, sagdyn iýmitlenmek ideologiýasy kanun taýdan kadalaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Bu kanunçylyk başlangyçlary, dürli ilat toparlarynyň iýmitleniş ýagdaýyna gözegçilik ulgamyny gowulandyrmaga, azyk hiline laboratoriýa bazasyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda geçirilýän çäreleri döwrebap derejede geçirmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyga beslensin.

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar