Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz belent maksatlary nazarlaýan beýik işleri agzybirlikde, jebislikde berjaý edýär. Häzirki wagtda beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar. Parasatly pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz halk hojalygynyň ähli ugurlarynda bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat sanlyja ýyllaryň içinde dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat gysga wagtyň içinde Aziýa yklymynyň merjen şäheri diýen ada eýe boldy. Gözel paýtagtymyzyň mermer binalarynyň, giň şaýollarynyň, döwrebap seýilgähleriniň gözelligi görenleri haýrana goýýar. Jennet mekanymyz Aşgabat baýramçylyk günlerinde has-da ajaýyp keşbe eýe bolýar. Milli bahar baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda uly işler üstünlikli amala aşyryldy. Gözel Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzyň şaýollarynyň, köçeleriniň gyralarynda, seýilgähleridir medeni-dynç alyş merkezlerinde göýä älemgoşary ýada salýan owadan gülleriň oturdylmagy, olardan dürli şekilleriň, gözelligiň kemala getirilmegi ählimizde ýakymly duýgulary döredýär. Şanly toýly günlerde halkymyz bereketli türkmen topragynda edermen babadaýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilýän gök we bakja önümleri, olardan taýýarlanýan datly nygmatlar bilen toý desterhanlaryny bezeýär. Elbetde, munuň özi, mähriban halkymyzyň bolelin durmuşda bagtyýar ýaşaýandyklaryna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu gün türkmen döwleti beýik ösüşlere beslenip, ýaşyl Tuguny belentde parladýar. Berkarar Watanymyzda her bir şanly sene, baýramçylyk goşa goşadan gelýär. Ynha, ählimize mälim bolşy ýaly, şeýle toýly günlerde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda, gözel paýtagtymyz Aşgabatda hem täze medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanylmaga berilýär. Ata-Watanymyzda bitirilýän beýik işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzy abadan, bolelin durmuşda ýaşatmak ugrundaky taýsyz tagallalarynyň ajaýyp netijeleridir. Bularyň ählisi, mähriban halkymyzy buýsandyrýar, öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Goý, ata-Watanymyzy, mähriban halkymyzy aýdyň geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun!
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.