“SANLY ULGAM — ÖSÜŞLERE BADALGA”

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, edara-kärhanalar, jemgyýetçilik guramalarda sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy netijesinde sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň kemala gelýändigini aňladýar. Döwrebap maliýe bazarynda ýaşlaryň maliýe taýdan sowatlylygy hem-de olaryň töwekgelçilige bolan gatnaşygynyň arasynda hem özara baglanyşygynyň bardygy seljerilýär. Maliýe sowatlylygynyň derejesi ýokarlandygyça adamda töwekgelçilige tarap ymtylma peselýär. Bu bolsa maliýe taýdan özbaşdak pikirlenmäge we deňeşdirmäge esaslanýan, şol bir wagtyň özünde bolup biläýjek töwekgelçilikden baş alyp çykarýan çözgütleri kabul etmek üçin amatly gurşawy döredýär. Netijede, her bir adamyň şahsy we maşgala býujetini özbaşdak dolandyrmak, geljek üçin süýşürintgi toplamak, şeýle hem jemgyýetde özüni doly özleşdirmek bilen bagly ukyplarynyň emele gelmegine hem täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, ilatyň, esasan hem, ýaşlaryň maliýe taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan pul-karz ulgamynyň işjeňligini ösdürmäge, goýum görnüşinde ilatdan çekilen erkin pul serişdelerini gaýtadan paýlamak arkaly ykdysady ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, pul dolanyşygynyň we aýlanyşygynyň gerimini giňeltmäge ýol açýar. Karz edaralarynyň hyzmatlaryny we önümlerini kämilleşdirmek arkaly müşderileriň sanyny artdyrmaga, ilatyň isleg bildirýän önümlerini we hyzmatlaryny işläp taýýarlamaga, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge, harajatlary tygşytlamaga mümkinçilik döredýär. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň esasy maksatlarynyň biri hem ilatyň pulkarz we durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanylmagyny üpjün etmek, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanylmagyny höweslendirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda “Altyn asyr” bank kartynyň eýelerine öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak “Internet bank” hyzmatyna birikdirip bilýär. Bu bolsa, bir tarapdan, halkymyzyň gymmatly wagtyny, beýleki bir tarapdan, ýol we beýleki harajatlaryny tygşytlamakda ýardam berýär. Döredilýän bu amatlyklar bank hyzmatlaryndan peýdalanýan halkymyzyň we ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artmagyna, netijede bolsa, ýaşlarymyzyň, maliýe taýdan başarnyklarynyň has hem ýokarlanmagyna şert döredýär. Şeýlede ýokary okuw mekdepleriň binýadynda sanly ulgamy ösdürmek babatynda täze döwrebap ugurlaryň birnäçesi açyldy we hereket edýär. Olar “Sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy”, “Ykdysady kibernetika” hem-de “Söwda we logistikada sanly tehnologiýalar” ýaly ugurlar bolup durýar. Sanly bilimiň ösdürilmegi bu ugurdan bilim alýan talyp ýaşlaryň, orta mekdep okuwçylaryň sanly ulgama uýgunlaşmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär hem-de olaryň maliýe başarnyklarynyň artmagyna, ykdysady gatnaşyklardan netijeli baş çykaryp bilmeklerine ýardam edýär. Ýaşlaryň maliýe sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan işleriň rowaçly menzillerdedigine şaýatlyk edýär. Biz ýaşlara edara-kärhanalarda okuw mekdeplerinde şeýle şert mümkinçilikleri açyp berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza ähli ýaşlaryň adynda köp sag bolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

E.ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Indiki makala

TÜRKMEN BEDEWI

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR