Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwünhoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähekdaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir.
Şöhratly pederlerimizden miras galan asylly däpler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, şahsy göreldesi bilen dowam edýär we ösdürilýär. Şeýle däpleriň biri-de, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek we milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan işlerdir.
Ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň döwrebap ösdürilmegi ugrunda alada edýän Arkadagly Serdarymyz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar. Milli liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserlerinde, goşgy setirlerinde ahalteke bedewleriniň waspy belentden-belent ýaňlanýar.
Häzirki döwürde atşynaslygy ösdürmegiň iň nusgalyk mekdebi eziz Watanymyzda kemala geldi, türkmen bedewlerine goýulýan hormat-sarpa has-da belende göterildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýylda halypa çapyksuwarlar bilen birlikde, ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda hem at çapyşyklarynyň yzygiderli guralmagy, ýurdumyzda bedew ata goýulýan hormat- sarpanyň ýokarydygyna güwä geçýär. Halkymyz bedew aty bagtyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde özüniň milli gymmatlygy, baýlygy saýypdyr. Türkmen halkynyň “Görogly” şadessany umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna mynasyp goşant goşdy.
Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan meşhur “Görogly” şadessanynyň türkmen nusgasy taryhylygy, özboluşlylygy, milliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Edebi gymmatlyklarymyzyň naýbaşy eseri bolan meşhur “Görogly” şadessanynyň dünýäniň çar tarapyna ýaýran ýordumy häzirki wagtda düýpli öwrenilýär. Çünki bu deňsiz-taýsyz ruhy mirasymyza näçe çuň aralaşdygyňça, biri-birine sepleşip gidýän, biri-biriniň üstüni ýetirýän täsin däp-dessurlar, çeper wakalar ýüze çykyp dur. Ata-babalarymyz taryhy ösüşiniň dowamynda özüniň milli baýlyklaryny aýawly gorap, onuň çeperleşmegi üçin, zehin baýlygyny siňdiripdir.
Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä jar etmekde, geçmiş taryhyny öwrenmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaplarda ahalteke bedewiniň gelip çykyşy, atlaryň beýleki tohumlaryndan düýpgöter tapawut edýändigi anyk mysallardyr delilleriň üsti bilen beýan edilýär.
Biz ýaşlar üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsunlar aýdýarys. Arkadagly Serdarymyza Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýärin.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.