TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILDI

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty we telekeçilik ulgamyny ösdürmäge berýän giň goldawlary netijesinde, bu günki gün dokma senagaty uly ösüşlere beslenýär. Daşary ýurtlarda öndürilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär.  Öndürilýän önümlere gözüň düşende olardaky “Made in Turkmenistan” (Türkmenistanda öndürildi) ýazga gözüň düşende, göwnüň dokunýar. Nusgaly  ýokary hilli dokma önümlerimiziň dünýä çykýandygy we eksport kuwwatymyzyň artýandygyny bellemek bolsa, has-da buýsançlydyr.

Ýurdumyzyň dokma toplumlarynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrylyp, ýokary hilli önümler öndürilýär. Bu ugurda öňdebaryjy kärhanalaryň sany barha artýar. Hususan-da, Ýaponiýada, Germaniýada, Şweýsariýada, Türkiýede öndürilen dünýä ülňülerine laýyk enjamlar dokma toplumlarynyň esasyny düzýär. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, bu toplumda ene topragymyzda önýän önümler 100 % ak altyndan öndürilýär. Ähli önümleriň dünýä bazarlarynda uly isleglere eýe bolup durýandygy bizi has-da buýsandyrýar.

Ýurdumyzyň dokma senagaty hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde barha ösýär, kämilleşýär. Onuň eskport kuwwaty bolsa has-da artýar. Şeýle ýokary öndürijilikli önümleri bilen içerki bazarda, şol bir wagtda, daşarky bazarlarda hem islegli bolan ýokary hilli dokma önümlerini öndürmekde dokma toplumlary netijeli işleri alyp barýar. Watanymyzyň dokma senagatynyň ösüşlerine goşant goşmakda bu toplumlarda netijeli zähmet çekýänleriň aglabasy ýaşlardyr.  Olar ýurdumyzyň dokma senagatynyň barha okgunly ösýän döwründe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Häzirki wagtda dokma kärhanalarynyň infrastrukturasyny iri dokma toplumlary, pagta egriji fabrikler, tikin fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi gaýtadan işleýän kärhanalar düzýär. Dokma kärhanalaryň geriminiň giňelmegi köp sanly iş orunlarynyň döremeginde özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Dokma kärhanalarynda inçe süýümli pagtadan ekologik taýdan arassa ýokary hilli ýüplükler, boýalan we boýalmadyk nah matalar, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan eksporta niýetlenen taýýar tikin önümler özüniň elýeterliligi we amatlylygy, nepisligi bilen ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün edýär. Ekologik taýdan arassa önümlere bolsa daşary ýurtlarda has-da gyzyklanma bildirilýär.

Mahlasy, dokma senagaty ösüş ýolunda. Pudagy ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin halkymyz türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda dokma pudagy mundan beýläk-de rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Mämmetjan BABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY