Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, tutuş dünýäni haýrana galdyrýan üstünliklere, ösüş-özgertmelere beslenýär. “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymatyň giňden dabaralanýan döwründe halk baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň çar künjeginde täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň gurulmagy eziz Diýarymyzy ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işleriň rowaçlanýandygyny, ykdysadyýetimiziň kuwwatlanýandygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi-Arkadag şäheri hem täze döwrüň nusgalyk “akylly” şäheridir. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan desgalaryň hatarynda döwrebap bilim ojaklarynyň, çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň bolmagy, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller hakynda edilýän aladalaryň durmuş ýüzündäki aýdyň beýanydyr.
Ata Watanymyzda ýaşlara giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Ýaş ýolbaşçylaryň täze nesli kemala gelýär. Muny biz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Arkadag şäherine degişli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 25-nji martynda geçen bilelikdäki mejlisde hem aýdyň görýäris. Mejlisde Arkadag şäheri bilen baglanyşykly möhüm meseler boýunça täze çözgütler kabul edilip, bu nusgalyk şäheriň täze bellenen ýolbaşçylarynyň aglabasynyň ýaşlardygy has-da buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Arkadag şäheri ýaşlaryň şäherine öwrülýär. Hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheri dünýä nusgalyk şäher bolup, özboluşlylygy we täsinligi bilen özüne çekýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, nusgawy we häzirki zaman meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilip, kärhanalara, bilim edaralaryna, edaralara, binalara dakylmagy milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize belent sarpanyň aýdyň nyşany bolmak bilen, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem uly ähmiýete eýedir. Bu asylly däbiň Arkadag şäherinde bina edilýän durmuş-medeni maksatly desgalary mynasyp atlandyrmak babatda-da dowam etdirilmegi bolsa ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleriň häzirki zaman derejesinde ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň meseleleri boýunça geçiren bilelikdäki mejlisinde ýaşlar bilen söhbetdeş bolmagy, ýaş ýolbaşçylara öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi, şäheriň turuwbaşdan ýaşlaryň şäherine öwrülmegi baradaky paýhasly jümleleri beýan etmegi döwrüň belent ruhy joşguny bilen öňe barýan ýaşlaryň geljege bolan beýik ynamyny, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsini has-da artdyran taryhy wakalaryň naýbaşysydyr.
Watan we ýaşlar bir-birine jebis sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Buýsançly ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen bina edilen Arkadag şäherinde zähmet çekip, ýürekleri hyjuwly, kalbynda Watana, Gahryman Arkadagymyza beýik söýgüsi bilen zamanamyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Serdar ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.