TARYHY ÖWRENMEK-GELJEGI GURMAK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen eziz diýarymyz bedew bady bilen öňe barýar. Ösüşleriň ýurdy hasaplanýan ýurdumyz ähli pudaklarda ýokary netijeler görkezýär. Ylym – bilim ulgamynda hem zähmet çekýän ýaşlaryň aýratyn oruny bardyr. Ýaşlar ýurdumyzyň ösmeginde özlerine bildirilen ynamy borç hasap edip, dünýäniň ösen tejribesinden peýdalanyp, mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Akyldaryň belleýşi ýaly, “Ýaşlar diýmek hyjuw, öňe gidişlik, döwrüň talaby bilen ýurdy galkyndyrmak diýmek”. Ýaşlardaky gaýrat we ýüregi Watan söýgüsine doly uly hyjuwy has-da kämilleşdirmek, dünýä ýaň salan şöhratly taryhymyzyň üstünden geçýär.Türkmen taryhy barada gymmatly maglumatlary döredilen şertler bilen has ýakyndan tanatmalydyr. Diýarymyzyň taryhy ýerlerini, ylym – bilim ugrunda iş görkezen türkmen şahsyýetleriniň eserlerini interaktiw tagtasynda görkezmek arkaly ýaşlaryň bilesigeljiligini artdyrmak mümkin. Ösüp barýan globallaşýan dünýädäki internet ulgamynyň aýratynlyklary bilen deň derejede gadam basylýan döwründe ylym-bilim edaralarynda, mekdeplerde, uniwersitetlerde döredilen şertler muňa aýdyň mysal bolup duýar.

Taryh ylymlaryň gözbaşy hasaplanýar.Dünýäniň ösen tejribesinden peýdalanyp, taryh derslerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň üsti bilen baýlaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň aňyýetinde galmagy has täsirli bolýar. Bu ugurda biz bilim işgärlerine döredilen şertler sanardan köp.

Taryhymyz baradaky gymmatly maglumatlary diňe türkmen ýaşlary öwrenmän, daşary ýurduň ýaşlary hem öwrenýär. Sapaklarda taryhy ýerlere teleköpri ulgamynyň üsti bilen syýahatyň gurnalmagy tejribe artdyrmakda ýokary netijeleri berýär. Şonuň ýaly-da diýarmyzdaky taryhy ýerlere baryp görmek, şol ýerdäki taryhy atmosferadan mugallymlaryň gürrüň bermegi arkaly ýakyndan tanyşmak ýaşlarymyzda uly joşgun we ylymy-bilime höwes döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas dürdänesinden dörän“ Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda aýdylyp geçilen taryhy ýerleri, ondaky rowaýatlary, ol ýerdäki wakalary şol ýerde duran ýaly bolup görmäge giň mümkinçilik döredilýär.

Taryhda möhüm yz galdyran adalatlygy, gaýduwsyzlygy, mertligi bilen tanalýan ata – balarymyzyň geçmiş ýoluny özlerine ýörelge edinen ýaşlar bu günki gün bilime teşne, ylma muşdak. Ylym – blim ulgamyndaky döredilen şertler ruhlanýan ýaşlar diňe okap, döredip, täzeçilligiň ugrunda gözleg –barlag işlerini alyp baryp, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda gaýgyrman zähmet çekmegi özlerine maksat edinýär.

Bizi eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan il ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

 

Abdymurat AHMEDOW,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY