ÝENE – DE BAHAR GELDI... (oýlanma)

Hawa ýene bahar geldi. Dogry, dört pasyl nobatma-nobat çalyşyp gelip, geçip dur. Her adamyň öz halaýan, sabyrsyzlyk bilen garaşýan pasyly bar diýýärler. Inkär edip biljek däl. Emma pasyllaryň soltany baharyň gelerine garaşmaýan adam bardyr diýmegem o diýen dogry däl. Her gezek geleninde tutuş dünýäniň ýüzüne ýaşyl jähek çaýyp, agaçlary güle büräp, daş-töweregi şatlyk-şowhundan doldurýan bahar adamlaryň ruhy dünýäsine hem ýakymly duýgulary sahylyk bilen eçilýär. Sazanda öz döredýän ajaýyp mukamlary baharda saýraýan guşlaryň owazyndan alsa, suratkeş iň gowy eserlerinde gül-gunçaly diýaryň al-elwan ýazyndan alýar. Baharyň bir-birine meňzemeýän, gaýtalanmaýan gözellikleri şahyr kalbyny heýjana getirýär.  Öz döredýän gözellikleri bilen sazanda, suratkeş, şahyr ýaly döredijilik adamlaryny ylhamlandyrýan bahar pasly beýleki adamlary hem biparh goýmaýar. Ol hemmelere deň, her bir ojaga goşalap şatlyk paýlaýar.

Edil häzirki ýaly ýadymda. Baharyň ýyly demi hökümini ýöredip, dünýä gül-gülzarlyga beslenen günleriniň birinde ilkinji perzendim, gyzjagazym  dünýä indi. Kakamyňam ilkinji agtyjagy, nähili at goýmaly diýenimizde  “gyzym ady bilen geldi” diýip “Bahar” goýduk. Bahar edil öz atdaşy ýaly öýümizi şatlykdan doldurdy. Şo-ol öýümize Bahary getirip, şatlykdan dolduran  bahardan soňra her ýyl baharda öýümize bir sany gyz perzent geldi. Menden kiçi inimiň yzly-yzyna dünýä inen gyzlaryna “Gülzar”, “Lälezar”, “Gülälek” diýen atlary dakdyk. Serediň-ä baharyň täsinligini, sahylygyny, indi öýümizde mydama Bahar, Ol Bahara tirkeşip gelen Gülzarlyk, Lälezarlyk, Gülälek. Şoldur-şoldur her baharyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Tutuş zemine täzeleniş bagyş edýän bahar öýümize-de täzelikler getirer diýen ynam, arzuw-umytlar ýüregimde mäkäm orun tutupdyr. Çünki bahar ýazyň öňbaşçysy, baran ýerini ala-ýaz edýär. Şondan bolmagam mümkin, bahardan diňe şatlyga, ala-ýazly pursatlara garaşylýar.

 Şeýle süýji oý-hyýallary kellämde aýlap oturşyma gyzym Baharyň ýanyma gelenini duýman galypdyryn. Ady bilen häsiýetdeş gyzymyň gülüp duran ýüzünden onuň nähilidir bir şatlykly habar aýdyp, meni begendirjek bolýandygyny aňmak kyn däldi. Men ondan näçe sany bäşlik alanyny soradym. Ol üç barmagyny görkezip üç sany bäşlik alanyny duýdurdy. Men onuň “berekellasyny” ýetirdim. Ýöne Baharyň esasy begençli habary entek öňde ýaly. Ol ýakymlyja sesi bilen ýuwaşjadan “Kaka, buşluk” diýdi. Men onuň ýüzüne soragly nazarymy dikenimde ol “buşluk, kaka Sähra daýzamyň ogul agtygy boldy” diýdi. Men begendim, ýene-de ýaňky içki dünýämdäki oýlaryma dolananymy duýman galdym. Pasyllaryň soltany bahar ýene-de adamlara şatlyk paýlamak däbini dowam edýär. Ejemiň özünden kiçi aýal doganynyň agtyjagyna-da ýagşy yryma eýerip “ady bilen geldi” diýip, “Ýazgeldi” dakdylar. Ýene-de goşa şatlyk, goşa toý. Gyşy ugradyp, zemine gadam basan bahar ýany bilen ýazy alyp geldi. Ýene-de bir maşgala bahar bilen bilelikde goşa  ýaz geldi. Şeýdip her bir maşgala şatlyk, bagt paýlaýan, topraga rysgal-bereket eçilýän pasyllaryň soltany bahar, köňülleriň soltanyna öwrülýär. Özüne degişli bolan üç aýdan ybarat bolan  möhletini tamamlap, ornuny beýleki pasyllara berse-de, şadyýan bahar ynsanlaryň kalbynda müdimilik dowam edýär. Her gezek gaýtadan geleninde bolsa öz täsinlikleri, täzelikleri bilen şol dowam edip gelýän bahar öwüşginleriniň ýene-de şadyýanlygyň, bagtyýarlygyň üstüni ýetirýär.

Tebigata jan berip, her bir maşgala şatlyk paýlap ýene-de Bahar geldi....

 

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY