ENE MUKADDESLIGI

Bu giň ýagty jahanda ene hakda, onuň mukaddesligi, gyzgyn mähir-şepagaty, çäksiz söýgüsi hakynda aýdym aýtmadyk bagşy, saz çalmadyk sazanda, goşgy düzmedik şahyr, surat çekmedik suratçy belki-de, ýok bolsa gerek. Enäniň ady, onuň gözel, mährem keşbi bakydyr, sönmeýän nurdyr. Hat-da ene bilen perzendiň arasynda nije menziller, daglar, derýa-deňizler ýatsa-da, olar bir-birini, ýagny ene çagany, çaga enesini küýseýär. Ene ýüregi elmydama duýgur bolýar. Öz perzendi haýsy bir bela duçar bolsa, ony ilki bilen ene ýüregi duýýar.

Ene öz balasynyň aladasyny ol heniz ene göwresindekä edip başlaýar, çaga ilkinji mähir-söýgini öz mährem enesinden alýar. Ene süýdi ýaly halallygy, hüwdüsi ýaly şirin mukamy, eli ýaly mylaýym melhemi hiç ýerden tapyp bolmaz. Eýsem, bular gudrat dälmidir?! Bu gudrata mysal edip, bir hakykata ser salalyň. Mysal üçin, çaga aglap duran mahalynda, onuň iň ýakyn adamlary, ýagny mamadyr babasy, daýzadyr daýysy, iň bolmanda dogany ony diňdirjek bolanda, çaganyň sesi aňsat diňmeýär. Haçan-da ony ejesi gelip eline alanda, çaga şol bada aglamasyny goýar we özüni bagtly duýar.

Ene diňe bir adamzat nesliniň gudratyny dowam etdiriji bolman, eýsem ol maşgala ojagynyň eýesi hem diregidir. Maşgalada agzybirligiň höküm sürmegi esasan enä bagly bolýar. Enäni söýmek, ony başyňa täç etmek halkymyzyň milli häsiýetiniň aýrylmaz bölegidir. Ene mukaddesligini Gahryman Arkadagymyzyň öz eziz käbesi Ogulabat ejäni sarpalaýşynda anyk göz ýetirýäris. Şonuň üçinem Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eseri mähriban käbesi bilen baglanşykly bolmagy düşnüklidir. Ene mukaddesligini dolulygyna açyp görkezýän bu ajaýyp eser dünýämize täze bir öwüşgin çaýdy. Bu eseri okanymyzda biziň her birimiziň gözümiziň öňünde öz agzybir, döwletli maşgalasynyň sütüni, abraýy, ýokary ahlaklylygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan Ogulabat ejäniň nurana keşbi örboýuna galýar. Ogulabat ejäniň ýüreklerimize siňen, gözlerimiziň öňünde duran nurana keşbinde türkmen gelin-gyzlarynyň asyllylygy, salyhatlylygy, mähremligi, agraslygy, sadalygy, maşgala ojagyna wepalylygy jemlenýär. Bu mähriban ene ajaýyp häsiýetleri, belent adamkärçiligi bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi hökmünde milletiň enesi derejesinde belent abraýa, hormata mynasyp boldy.

Aýratyn bellemeli zat, Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Häzirki ýaşlar üçin onuň asylly zähmeti görüm-göreldedir, ähli ildeşlerimiz üçin nusgalykdyr. Sebäbi mähriban enäniň elinden çykan her bir çeper el işi – mukaddes gymmatlyk. Bir söz bilen aýdanyňda, Ogulabat ejäniň el işlerinde, maşgala mukaddesliginde, çaga terbiýesinde biz – türkmen gelin-gyzlarynyň görelde mekdebidir.

Milli Liderimiz “Ömrümiň manysy” atly kitabynda käbesiniň ýaş gelin-gyzlara nusgalyk zenandygyny beýan edip, “Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, el hünärine ussatlyk jemlenipdir” diýip belleýär.

Howa, Ogulabat eje şol ajaýyp häsiýetleri bilen diňe bir türkmen zenany hökmünde däl, milletiň enesi hökmünde-de belent mertebä eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz: “Ene – beýikleri dünýä inderýän beýiklik” diýip belläp geçýär. Bu sözüň hakyky manysyna öwrülip, ýörän ýoly ýörelge, ähli enelere görelde bolan Ogulabat ejäniň çuňňur mazmunly durmuşy, manyly ömri biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Zenanlarymyzyň ýüreklerinde inçe sungaty, nesil terbiýesinde asylly häsiýetleri bilen orun alan Ogulabat käbämiz biziň ýüreklerimizde ebedi ýaşar.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY