KITAPHANA - PAÝHAS KÖŞGI

Kitap — bilimleriň binýadydyr. Ýaşlar bu binýady gurmaga ymtylmak bilen ömür ýolunda dowamat dowam boljak kämil ömür binýadyny gurýarlar. Kitap adamyň aňynda kemala gelýän pikirleriniň we durmuş akymynyň arasyndaky arabaglanyşygy sazlamak bilen özboluşly täsir edýän güýçdür. Sebäbi kitapda gudrat jemlenendir. Keramat saýylýan sözler adamyň kalbyny baglap, ýagşy umytlara, ýagty ertirlere tarap ýol açýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwrebap kitaphanalar bina edilýär. Ol edil “paýhaslar köşgüni”  ýadyňa salýar.Bu ajaýyp köşkler  Diýarymyzyň gözelligine gözellik goşýar we  onuň bilen berk sazlaşyp, kitap gözelligini janlandyrýar. Daşoguz topragynda açylan täze döwrebap kitaphana hem munuň aýdyň mysalydyr.  Teleýaýlym arkaly syn edýän mahalyň, tizden-tiz paýhas köşgüne baryp, mukaddes ojagyň  arzyly okyjysyna öwrülmek islegini has-da möwç urýar.

Häzirki wagtda  çaphana işini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn ulgamyny pugtalandyrmak işi ýokary depginde alnyp barylýar. Çap etmegiň kämil usullary we halkara tejribeleri ornaşdyrylýar. Dünýäniň iň öňdebaryjy we kämil tehnologiýalary esasynda döwrebap enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzda çykarylýan neşir önümleriniň hilini has-da kämilleşdirýär.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kitaphana işiniň gerimi giňelip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde kitap dükanlarynyň we wirtual kitaphana torunyň işi hem ýola goýulýar. Bu dükanlarda elýeterli nyrhlarda islän kitabyňy satyn alyp bolýar. Şeýle mümkinçilikler üçin kitapsöýüjiler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarlar.

Gahryman Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY