Bedew atyna maşgalanyň bir agzasy kimin hormat goýmak, onuň üçin ýörite esbaplar ýasap, ony bezemek – bir söz bilen aýdanyňda, öz bedew atyna guwanyp hem buýsanyp ýaşamak türkmen halkynyň ata-baba ganyna siňendir. Görende haýrana goýýan owadan keşbi, ýyndamlygy, syzgyrlygy bilen dünýä halklarynyň ünsüni özüne çeken gamyşgulak behişdi bedewlerimiziň waspy türkmen edebiýatynyň taryhynda – halk döredijilik eserlerinde şeýle-de ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde hem öz beýanyny tapypdyr.
Asyrdan asyra, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli ýetip gelen halk döredijilik eserlerimizde-de türkmen bedewiniň eýesine wepalylygy, syzgyrlygy, ýyndamlygy hakynda aýdylsa, rowaýatlarda olaryň geçmiş taryhymyzda adamzady birnäçe gezek ölümden alyp galandygy dogrusynda gürrüň berilýär. Türkmen edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanýan nakyllardyr atalar sözünde türkmen halkynyň bedew ata goýýan sylag-sarpasy, halkymyzyň durmuşynda bedewiň tutýan orny, olaryň gadyr-gymmaty dogrusynda aýdylyp geçilýär:
Ir tur, ataňy gör, ataňdan soň atyňy
At agynan ýerde toý bolar
Atdyr ýigidiň ýoldaşy
Atym bar, ganatym bar..
“Görogly” eposynda gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň, mertligiň milli nusgasyna öwrülen Görogly beg Türkmen öz bedew aty-Gyraty bilen beýikdir, ugurtapyjydyr, ýanbermezdir. Eposda Göroglynyň ýaşlygyndan tä garrylyk döwrüne çenli Gyraty onuň şatlykly we gamly gününde ýanynda bolup, wepalylygyň aýdyň nusgasyny görkezýär. Görogly beg Gyratyna bedew at däl, eýsem öz ýakyn dosty hökmünde garaýar. Muny gahrymanyň ýüreginden çykýan bedew atyna ýüzlenip aýdýan sözleri-de tassyklaýar:
Görogly, geldi jahana,
Sen ýetir, meni mekana,
Bermenem, Rum-Yspyhana,
Berekella, Gyrat saňa.
Atdyr ýigidiň ýoldaşy,
Oguldyr döwletiň başy,
Gyz hem bolsa göwün hoşy,
Zürýat gerekdir ýigide.
...Perzent dilemedim, seni diledim,
Diliň bolsa sözle Gyrat.
XVIII asyr şahyry Gurbanaly Magrupynyň “Döwletýar” dessanynda Döwletýar beg öz ýaşan döwrüniň watansöýüji milli gahrymany hökmünde orta çykýar. Döwletýar beg XVIII asyryň Göroglusydyr. Dessanda beýan edilişine görä, Döwletýar bege daşary ýurt basybalyjylaryna garşy göreşde, öz ata Watanyna duşmanlar çozanda hem ýakyndan kömek berip, gahrymanyň duş gelen kynçylyklaryny ýeňip geçmäge ýardam eden onuň bedew aty Serhoşdyr. Bu ýagdaýy dessany başyndan ahyryna çenli okanyňda-da duýmak bolýar.
XVIII - XIX asyrda ýaşap geçen şahyrlarymyz öz şygyrlarynda bedew atlarymyzyň waspyny ussatlarça ýetirmegi başarypdyr. Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi “Üsti bedewiň” goşgusynda bedewleri taryplap, oňa atlanmagy Süleýmanyň tagtyna deňeýär. Şahyryň ýaşan zamanynda duşmanlara garşy söweşmekde türkmen bedewleri esasy hyzmaty ýerine ýetiripdir:
Müneňde şaý bolsa, tükel esbaby,
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň.
Jul eýleseň atlaz bilen zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň.
Annagylyç Mätäjiniň “Bedew” goşgusy goşgy düzülişiniň muhammes görnüşine degişli bolup, her bendi bäş setirden ybaratdyr. Şahyr bu goşgusynda bedewiň waspyny öň döredilen şahyrlarymyzyň goşgularyndan tapawutly bermegi başarypdyr.Ol bedewiň seýkin basyp gelşini, özboluşly asudalyk bilen durşuny... dürli meňzetmeleriň üsti beýan edipdir:
...Märekä gelende gyzdan gylykly duruşyň,
Ýörhä-ýör bolsa ýene towşan kimindir turşuň.
Ýazyň hem güýzüň şahyry hasaplanýan Gurbannazar Ezizowyň bedew atlara bagyşlap döreden ajaýyp goşgusy sada, ýeňil okalýanlygy, çalt ýatda galýanlygy bilen tapawutlanýar. Şahyryň bu goşgusy özboluşly şygyr senedidir:
Aty debsiläp çapma,
Säher duman içinde.
Goýber onuň jylawyn,
Özi serden geçende.
Şat günüňde şatdyr ol,
Toýda şöhratyň bolar.
Gamly güni aglanlaň,
Birisi atyň bolar.
Edebiýatymyzyň taryhynda döredilen bu ajaýyp eserleri okanyňda, türkmen halkynyň bedew ata sylag-hormatynyň öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýanlygyna ýene bir gezek güwä geçýärsiň. Biziň keramatly, Hakyň nazary düşen bereketli topragymyzda kemala gelýän owadan, ýyndam bedew atlarymyza guwanýarsyň, buýsanýarsyň.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.