ATÇYLYK SPORTY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Atçylyk sporty bu günki gün  ýokary ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda  bu ugurda halkara ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Atçylyk sportunyň dürli görnüşleri bolup, olaryň her biri ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe.  Esasan-da  konkur boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek indi asylly däbe öwrülýär.

Atçylyk sportunyň  konkur görnüşi  sporta höwesli ýaşlaryň, esasan-da atly türgenleriň arasynda höwes bildirilýän görnüşleriň biridir. Konkur  atly türgenden at bilen sazlaşykly hereket etmegi, şol esasda  ezberligi, ünslüligi we erjelligi talap edýär. Atly türgen çylşyrymly päsgelçiliklerden geçmek üçin, adaty däl tilsimlere erk edip, öz ýoldaşy bilen bilelikde ýeňip geçmegi başarmalydyr.

Sportuň dürli görnüşleri,şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak üçin hormatly Prezidentimiz  giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýylyň ähli paslynda hem amatly, dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk toplumlary, ýapyk manežler, okuw merkezleri yzygiderli gurulup ulanylmaga berilýär. Bu ýerde türgenler kämilleşmek, ýokary derede türgenleşigi alyp barmak  we ukyp-başarnygyny artdyrmak üçin giň gurşawda türgenleşýärler. Döredilýän amatlyklar we oňyn şertler üçin türgenleriň hoşallyklary çäksizdir. Munuň özi ýaş çapyksuwarlarda her hepde öz deň-duşlary bilen at çapyşygynda güýç synanyşmaga mümkinçilik berýär. Çapuw ýodalarynyň  döwrebap örtük bolan politrek örtügi bilen düşelmegi ýaryşlarda atlar bilen deň gadam urup, ýaryşy netijeli alyp barmakda ýardam edýär. Bu bolsa çapyksuwarlar üçin ýokary netijeli we amatly ýaryşy alyp barmakda amatlydyr.

Ýaş çapyksuwarlar ussat seýislerden, halypa çapyksuwarlardan hünäriň inçe syrlaryny öwrenýärler. Atçylyk sungatynda, at çapmakda türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin ussatlyk mekdebi bolup durýar.Ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Annagözel GURBANOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy

etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY