DABARALY GÜNLERIŇ ÝALKYMY

Kitap ähli bilimleriň çeşmesidir. Kitabyň jadylaýjy keşbi her bir adamda täze dünýäň gapylaryny giňden açýar. Guba düýäni kitaba çalşan halkymyz kitaba uzak taryhy döwürlerden bäri aýratyn gadyr goýýar we sarpalaýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda kitaphanalaryň işi has-da döwrebaplaşdyrylyp, okyjylar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz muny paýhas köşkleri bolan kitaphanalary synlanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. 

Her ýylyň 23-nji aprelinde Bütindünýä kitap güni giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Şol gün dünýä ýurtlarynda köp sanly kitaplaryň sergileri we forumlary geçirilýär. Ýurdumyzyň gözel görke beslenýän kitaphanalarynda kitabyň hormatyna bagyşlanyp gyzykly we täsirli döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Bütindünýä kitap gününiň dabaralary  ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde giňden we dabaraly bellenilýän Harplyk baýramy bilen utgaşyp gitdi.  Çünki Harplyk hem özboluşly kitapdyr.

Köneürgenç etrap bilim bölümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi  bilen bilelikde Köneürgenç etrabynyň 17-nji orta mekdebinde  Harplyk baýramyny geçirýär. Baýramçylyk joşguny çagalaryň gül gunça beslenen Watanymyzy, bagtyýar şu günümizi, şanly geljegimizi wasp edýän ajaýyp aýdymlary, dürdäne goşgulary bilen has-da dabaralanýar. Şeýle-de gül çagajyklar özleriniň harplar baradaky goşgularyny buýsanç bilen beýan edýärler. Bu pursatlary görýän mahalyň özýanyňdan biraz wagtlyk bolsa-da, çagalyga dolananyňy duýman galýarsyň.

Harplyk baýramy Bütindünýä kitap güniniň dabaralara beslenýän pursatlaryna gabat gelendigi sebäpli 1-nji synp okuwçylary kitap barada, onuň ähmiýeti barada täsirli goşgulary beýan etmegi baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar. Şeýle-de dabara gatnaşýan başlangyç synp okuwçylary baýramçylyga özleriniň ajaýyp suratlary bilen sowgatly gelýärler. 1-nji synp okuwçylarynyň  bolsa şol suratlary öz sözleri bilen beýan etmegi başarmagy, olaryň joşup-joşup öz zehinini görkezmegi  ýurdumyzyň röwşen geljeginiň parlakdygyna bolan buýsanjyňy artdyrýar. Suratly bäsleşikde işjeň gatnaşan mekdebiň 1-nji synp okuwçylary  Allamyradowa Zeýnep, Ilmedow Didar, Hojamuradowa Humaý, Nuryýewa Nurana, Toýgulyýew Allamyrat dagylaryň işjeňlik görkezendikleri üçin etrabyň ýaşlar guramasy tarapyndan gowşurylan Hormat hatlara we sowgatlara mynasyp bolýarlar.

 

***

 

Köneürgenç etrap bilim bölümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi bilen bilelikde  Köneürgenç etrabynyň Merkezi kitaphanasynda işgärleriň we ýaşlaryň gatnaşmagynda   Bütindünýä kitaphana güni mynasybetli «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» şygar astynda  döredijilik duşuşygyny geçirýär. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň işgärleri, bilim bölüminiň wekilleri,  kitaphananyň ýaş hünärmenleri, şeýle-de okuwçylar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşýarlar.  Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan kitaplarynyň ähmiýeti hakynda çykyşlarda aýratyn bellenilip geçilýär. Duşuşyga gatnaşýan ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlara gutlag” aýdymyny belent heňde wasp edýärler. Döredijilik wekilleri bolsa özleriniň täze düzen ajaýyp goşgularyny baýramçylyk duşuşygyna sowgat edýärler.  Köneürgenç etrabynyň gözel künjegini bezäp oturan merkezi kitaphanada döredilen mümkinçilikler, etrabyň ähli ýerlerinden gelýän höwesli okyjylar bilen ýola goýulan döredijilik gatnaşyklary dogrusynda hem durlup geçilýär. Ýygy-ýygydan bu ýerde edebi agşamlaryň, döredijilik wekilleri bilen duşuşyklaryň, şygyrlar agşamlarynyň yzygiderli geçirilýändigini,  şu günki baýramçylyk maslahatynyň hem nobatdaky ajaýyp  duşuşyk bolandygyny buýsanç bilen belleýärler. Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annatuwak Kakaýewa, şahyrlar Şirli Ahmedow we Oguljennet Begmyradowa ajaýyp goşgularyny, tälimçi mugallym, sport žurnalisti Gunça Orazowanyň kitap baradaky oýlanmalary  höwes bilen diňlenýär. Döredijilik wekillerine etrabyň ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlar we sowgatlar gowşurylýar.

Maslahatyň ahyrynda ýaşlarda kitaba söýgi döretmek, olary kitaphana giňden çekmek maksadynda şeýle maslahatlaryň  mundan beýläk-de bilim bölümi we ýaşlar guramasy bilen ýygy-ýygydan geçirmek barada  netijä gelinýär. Dabaraly duşuşyga gatnaşyjylar dünýäniň ösen döwletleri bilen bäsleşip bilýän kitaphanalary dünýä derejesinde gurduryp berýän, ol ýerde okyjylar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan edýärler.

Mahlasy, dabaraly günleriň ýalkymy ýurdumyzy giň gerimde gurşap alýar. Şeýle dabaralary guramak we geçirmek bagty her bir bilim işgäriniň öňünde belent borç  bolup durýar.  Ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  janlary sag, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleri  rowaçlyklara beslensin!

 

Wepamyrat ORÄÝEW,

Köneürgenç etrap bilim bölüminiň hünärmeni,

ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY