Güneşli ülkämiz bedew atlaryň mekany. Bu bolsa bedew atlara goýulýan çäksiz söýginiň alamatydyr. Bedewleriň sanynyň artdyrylmagy çapyksuwarlaryň öňünden öz wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ýagny, olar öz saýlama bedewleri bilen ilatyň öňünde dürli çykyşlary guraýarlar. Bu çykyşlar bolsa halkymyzyň arasynda olara uly söýgi, ynam döredýär.
Bir gezek kakam pahyr irden örüp, meni oýardy-da:
-Oglum, bu gün obamyzda at çapyşygy boljak. Şoňa bileje gidip, syn edeli. Bu çapyşyga agaň öz saýlama dor aty bilen gatnaşýar-diýip, mähirlilik bilen başymy sypady.
Ýadymda. Şol gün kakam ikimiz bileje at çapyşyga ilhatar tomaşa etdik. Çapyşyga agam gatnaşyp, bäsleşdi.Öz gujur-gaýratyny görkezdi. Ýeňiji boldy.Bu şatlykly habar oba ýaýradylanda öýümize ýakyn-u-alysdan dost-ýarlarymyz ýörite gutlamaga gelipdiler. Ol günler hiç ýadymdan çykmaz.
Wagt kerwen gurap geçip barýar. Men çapyksuwar bolmaga höwes edýärdim. Agam ilkinji halypam bolupdy. Soň kakam pahyr meni Aşgabada atşynas halypa Öwezmyrat aganyň ýörite bu ugurdan taýýarlaýan toparyna agza bolmaga iberdi. Alty ýyl bu ugry ymykly öwrendim.Birnäçe at çapyşyklara gatnaşyp, mynasyp orunlary aldym. Halypa halypa bolýar. Şägirdine näçe öwretse-de, şägirdinden talaby barha güýçlendirýär.
Uzak wagt taýýarlandym. Dürli at üstündäki oýunlary hem özleşdirdim. Esasy zat, nähili käre ugruksam-da şoňa höwes, ynam bar bolsa, oňat netijä ýetjegiňe göz ýetirdim.
Uly at çapyşyklaryň ençemesine gatnaşdym. Kä ýeňildim, käte ýeňdim. Sebäbi, näçe ussat bolanyň bilenem, senden hem ussatlaryň bardygyna düşünýärsiň. Halypam ýeňen, hat-da ýeňlen pursatlarymda-da şol maslahaty bererdi:
-Häli öňüňde uly işler köp. Sen her näme-de bolsa, ýadaman-ýaltanman diňe öňe ýöre-diýeninde men:
-Halypam, men haçan şol uly işleri ýerine ýetirip, ýöremegimi bes ederkäm-diýip soradym.
Halypam hem gülüp:
-Haý, nä bildim-ow! Esasy zat-ynam. Öňüňde näçe agyr päsgelçilik bolsa-da, mert durup ýeňip bilýän ynam bolmaly. Şonda sen, elbetde, öz maksadyňa ýetip, gaty uly ösüşlere eýe bolarsyň-diýdi.
Halypam hak aýdan eken. Men muňa öz durmuşymda göz ýetirdim. Sebäbi, halypamyň tabşyrygy bilen yzygiderli türgenleşmegim maňa öz beýik maksadyma ýetmäge kömek berdi.
Men şol ýylyň ahyrynda welaýat tapgyrynda ýeňip, ýurt boýunça geçirilýän ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandym. Ine-de, sabyrsyzlyk bilen garaşylan gün geldi. Ýurdumyzyň dürli ýerinden ussat çapyksuwarlar baş serpaýy almak ugrunda çapyşyga geldiler. Şolaryň arasynda men hem bardym.
Çapyşygyň başlanýan pursady geldi. Yşarat edilenden soň, ussat çapyksuwarlar saldamly dor atlary bilen öňe okduryldylar. Alyp baryjyň şadyýan, ruhlandyryjy sözleri göwnüňi göterýärdi. Dabarasy dag aşan bu çapyşyk uzak dowam etdi. Ahyry garaşylan pursat geldi. Eminler toparyndan biri ýeňijini yglan etmäge geldi we:
-Bu çapyşygyň ýeňijisi, pellehana birinji bolup gelmegi başaran ussat çapyksuwar, baş baýragyň eýesi Nazar Nepesow!-diýenden el çarpyşmalar meýdançada ýaňlandy. Şol pursatdaky tolgundyryjy ýagdaýymy bir görsediňiz. Ähli janköýerleriň öňünde şa serpaýyň açaryny gowşuranlarynda aljyrap, tolgundym. Şol pursatlarda ähli dost-ýarlarym ýerli-ýerden üýşüp gutladylar. Halypam hem gutlady we:
-Bu häli öz maksadyňa ýetdigiň däl. Batly gadamlaryň synmasyn, Nazar jan!-diýip, bagryna basdy. Bu begençli pursatlarda öz içimden:
-Wah, şuny kakam pahyr gören bolsady –diýdim. Hawa, bu pursatlar hiç wagt ýadymdan çykmaz...
Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.