Döwrüň her bir güni baýramçylyklara, uly ruhubelentlige beslenýär. Muny duýup ýaşamak lezzeti başgaça bolýar. Şeýle duýgy ýaşlaryň durmuşynda hem uly orun alýar. Şeýle pursatlaryň şaýady bolýan mahalyň ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlara buýsanjyň has-da artýar Ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna eýerip, Arkadagly Serdarymyzdan nusgalyk görelde alyp, döwrüň belent ruhunda Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halkymyzyň işjeň böleginiň hatarynda durýan ýaşlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna goşulyşyp belent maksatlary öňde goýup diňe öňe barýarlar.
Ýurdumyzyň bazar ykdysady şertlerine geçmegi bilen durmuş-ykdysady ulgamda ýokary hünärli işgärleriň zerurlygy ýüze çykýar. Bu bolsa ýaşlar üçin oňaýly iş şertleriň döredilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kanun taýdan kepillendirmäge esaslanan we biragyzdan kabul edilen “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna telekeçilik ýoluny saýlap alan ýaş telekeçileri goldamak we höweslendirmek, kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň 75 göterimi ýaşlar bolsa ony “Ýaşlar kärhanalary” diýip atlandyrmak baradaky döwrebap kadalaryň girizilmegi olaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini gowulandyrmaga giň ýol açýar. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň-Arkadag şäheriniň gurluşyklarynyň binagärlik taslamalarynda ýaşlara zehinini, ukyp-başarnygyny görkezmek üçin mümkinçilikleriň döredilmegi we turuwbaşdan taslamalaryň ynanylmagy hem biziň her birimizi guwandyrýar hem buýsandyrýar. Munuň özi ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag mekdebidir.
Günleri günlerden, ýyllary ýyllardan zyýada geçýän her bir gün ýaşlaryň durmuşyna möhüm taryhy sene hökmünde girip gelýär. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen ilkinji günlerinden ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşyna işjeň goşulyşyp döwlet derejesindäki maslahatlara işjeň gatnaşmagynyň özi olaryň halkymyzyň işjeň bölegi bolup durýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Taryhy senede, ýagny 21-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde halkymyzyň erk-islegi esasynda goldamagy bilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň döredilmegi, hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, halkymyzyň Milli Lideri hökmünde kanuny taýdan ykrar edilmegi sözüň doly manysynda täze taryhy eýýamyň altyn sahypalaryna girdi. Bu taryhy pursatlara halkymyz bilen birlikde kalplary Watan söýgüsi bilen joş urýan ýaşlar hem işjeň gatnaşdylar. Taryhy wakanyň yzysüre, has takygy 28-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy ýaşlary bir supra jemlän şatlykly toýy ýatladýar. Ýokary guramaçylykly forumynyň gün tertibinde ýaşlar syýasatynyň möhüm meseleleri orun alyp, olaryň her biri boýunça buýsançly çykyşlar diňlenildi. Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy hem-de biragyzdan kabul etmegi forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şeýle hem iň öňdebaryjy ýaşlara Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlarynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy, ýaşlar üçin ýörite döwlet derejesindäki konsertiň geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna uly ynamyň bildirilýändigini, ýaşlaryň täze ösüş döwrümiziň eýeleridigini doly delillendirdi. Ýurdumyzyň işjeň bölegi hasaplanýan ýaşlaryň hatarynda goşulyşyp Watanymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine geçirilýän döwlet çäresine gatnaşmak her bir ýaş raýat üçin megerem bagt bolsa gerek.Şunuň ýaly bagtyýar ýaşlary göreniňde döwletimiziň geljegine uly ynam bilen garaýandygyna bolan buýsanjyň has-da artýar.
Watan, ýaşlar, geljek –umumy bir maksatlaryň myrat tapýan ýeridir. Bu umumylygy ýylymyzyň şygary has-da birleşdirdi. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly simwoliki manysy bar. Munuň özi ýaşlara buýsanç, egsilmez ynam, täze güýç berdi.
Bosagadan ätlän “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” biz ýaş hünärmenleri mundan beýläk-de her bir işde has-da mynasyp, jogapkärli zähmet çekmäge borçlandyrýar. Bu ýyl öňkülerden hem has-da taryhy wakalara beslenjek ýyllaryň biri bolar. Ýylymyzy döredijilikli işlerimiz, zähmet üstünliklerimiz bilen has-da şöhratlandyryp, dabarasyny dünýä ýaýarys. Biz ýaşlara, ýaş hünärmenlere uly ynam bildirýän we geljegini bizde görýän Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Serdar ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.