“BATLY GADAM BILEN ÖŇE BARÝAR BAGTYÝAR ÝAŞLAR” ATLY GEÇIRILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRELERI

2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi, Köneürgenç etrap häkimligi, Köneürgenç etrap bilim bölümi, TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti, Köneürgenç etrap polisiýa bölümi, TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesi bilen bilelikde Köneürgenç etrabynyň 12-nji orta mekdebinde, 20-nji orta mekdebinde, 47-nji orta mekdebinde, 6-njy orta mekdebinde ýokary okuwçylaryň gatnaşmagynda Soňky jaň baýramy mynasybetli “Batly gadam bilen öňe barýar bagtyýar ýaşlar” ady bilen wagyz nesihat çäreleri geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşyklaryň esasy maksady soňky jaň dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün etmek, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek bilen degişli işleriň many-mazmunyny düşündirmekden ybarat bolup durýar. Çykyşlaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça soňky jaň dabarasynyň bellenilýän günlerinde oturylyşyklary guramazlyk, bidüzgünçilikli ýagdaýlara ýol bermezlik boýunça degişli tabşyryklar we maslahatlar berildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag,.ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY