“ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ ÝAGTY ERTIRI, NURANA GELJEGI” ATLY GEÇIRILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

25-nji apreli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň we şol etrabyň 42-nji orta mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli, halal ýokary ahlakly, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak şeýle hem “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen “Ýaşlar Watanymyzyň ýagty ertiri, nurana geljegi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirdi.“Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýar.Çäräniň ahyrynda çykyş edenler ýaşlarymyz hakynda uly aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar