Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we şäher Geňeşleri, Daşoguz welaýat Baş bilim, Daşoguz welaýat medeniýet müdirlikleri bilen bilelikde Bütindünýä kitap güni mynasybetli Daşoguz welaýat kitaphanasynda “Kitap-syrly dünýä” atly maslahat hem-de Daşoguz şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda okan kitaplarynyň, goşgularynyň many-mazmuny, galdyran täsiri barada gürrüň berýän “Bir okana, birde dokan” atly bäsleşik geçirdi.
Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen “Kitap-syrly dünýä” atly maslahata kitaphana, işgärleri, bilim ulgamynyň, ýaşlar guramasynyň wekilleri, işgärleri, mugallymlar, ýaşlar we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary S.Şyhyýew, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy M.Meredowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy S.Begow, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň mugallymy B.Durdyýew, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy L.Rejepowa çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwürnde ýurdumyzyň ösüşleri, milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä tanatmakda amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdiler. Hususan-da jemgyýeti üstünliklere ruhlandyryjy güýç bolan aýdym-sazyň, edebiýatyň uly ornunyň bardygy, şonuň bilen bilelikde ruhy dünýämizi baýlaşdyrmakda kitaplaryň, kitaphanalaryň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, döwrebap kitaphanalary gurmak, elektron kitaphana ulgamyny kemala getirmek başlangyçlarynyň häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi çykyş edenler tarapyndan bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, ylmy, edebi eserleriniň häzirki zamana türkmen edebiýatynyň wekillerine, şahyrlara, ýazyjylara ylham berýändigini we bu gymmatly eserlerde milliligiň, şahsyýetiň jemgyýetde mynasyp orun almagy hem-de taryhy maglumatlaryň bu eserlerde berilmeginiň eseriň gymmatyny has-da artdyrýandygy bellenildi. Türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulysy, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, alym Arkadagymyzyň ýiti zehinden dörän eserleri hem ýol görkeziji, hem üstünliklere ruhlandyran gymmatly hazynadygy, şeýle gymmatly eserleriň ata-babalarymyzyň asyrlardan aşyp gelen asylly ýörelgeleri, gymmatlyklar baradaky oý-pikirleriň çeperçilik bilen berýän edilýändigi buýsançly aýdyldy.
Taryhy wakalara beslenýän “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ýaşlar üçin uly ähmiýetiniň bardygy bellenilip, ýaşlara döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, bilimini, zehinlerini taplamaklaryny, köp okamalydygyny, olaryň döwrebap kitaphanalarda okamagy üçin ähli şertleriň bardygyny bellediler. Çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýaşlar üçin edýän aladalary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Bütindünýä kitap güni mynasybetli çäreler soňra Daşoguz welaýat kitaphanasynyň okalga zalynda Daşoguz şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda okan kitaplarynyň, goşgularynyň many-mazmuny, galdyran täsiri barada gürrüň berýän “Bir okana, birde dokan” atly bäsleşik bilen dowam etdiler. Bäsleşigiň 1-nji şertine laýyklykda mekdep okuwçylary okan çeper eserleriniň gahrymanlary, wakalar, mazmuny täsiri barada, 2-nji şertine laýyklykda ýatdan goşgy aýtmak we manysy düşündirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde Daşoguz şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 9-10-njy synp okuwçysy Sewinç Kazakowa, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy N.Nurnazarow ýeňiji boldylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher Geňeşleriniň hormat hatlary, sowgatlary gowşuryldy.
Soňra çäre gatnaşyjylar Daşoguz welaýat kitaphanasynyň okalga zallary, elektron kitaplary şeýle hem kitaphananyň muzeýine, çagalar we ýaşulular bölümi bilen giňişleýin tanyşdylar.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäher merkezi kitaphanasynda Ýaşlary köpçülikleýin kitaphana çekmek we olaryň kitap okamaklyga bolan söýgüsini artdyrmak hem-de Bütindünýä kitap güni mynasybetli “Kitap bilimler dünýäsiniň açary” atly söhbetdeşlik çäresini geçirdi.
Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, kitaphana işgärleriniň, okyjylaryň gatnaşmagynda geçirilen çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni D.Maksadow, Akdepe etrabynyň Andalyp şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy F.Azimbaýewa, Akdepe etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň mugallymy G.Babýewa çykyş edip, kitabyň, kitaphananyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Şeýle çäräniň dowamynda çykyş eden okyjylar, mekdep okuwçylary özünde täsir galdyran nusgawy şahyrlaryň goşgularyny, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny ürç edip okaýandyklaryny aýdyp täsir galdyran eserleri barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda çykyş edenler Bütindünýa kitap güni mynasybetli ähli okyjylary, kitapsöýüjileri gutlap, kitaphanada zähmet çekýän ýaşlara nusgalyk işinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuwladylar. Ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýän berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar hem-de göreldeli ýaş kitaphanaçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi Gubadag şäher merkezi kitaphanasynda “Kitaphana-hazyna ojagy, dürler ummany” atly söhbetdeşlik çäresini geçirdi.
Söhbetdeşlik çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni P.Sabirow, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary M.Seýliýewa, B.Ýagşymyradowa, L.Nazarowa, Boldumsaz etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň okuwçysy A.gurbanowa çykyş etdiler. Çykyş edenler kitap okamagyň syrlar bilen doly dünýä aralaşmagyň, köp öwrenmegiň, özüňi kämilleşdirmegiň esasy ýoldugyny belläp, okyjylary kitaphananyň mümkinçilikleri, kitaplar bilen tanyşdyrylar. Halkymyzyň hemişe kitap okamaklyga, öwrenmäge uly sarpa goýýan halkdygyny belläp, “Alymlara uýsaň, açylar gözüň“, “Kitap okan gullar manydan dokdur” diýen ajaýyp pähimleri döredendigini aýtdylar. Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimiziň, esasan hem ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýändigini adamzadyň ruhy hazynasy hasaplanýan kitaplar, kitaphanalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň ruhy kämilliginde, galkynyşynda möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny, alkyşlaryny aýtdylar.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi, Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäheriniň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde kitaphana işgärleriň gatnaşmagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” taryhy senesi bolan 23-nji aprelinde dünýäde giňden bellenilýän Bütindünýä kitap güni mynasybetli “Kitap-ýaşlaryň göwün syrdaşy” atly maslahat geçirdi.
Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy M.Öwezow, Köneürgenç şäher merkezi kitaphanasynyň direktory B.Nurmädow, Köneürgenç şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy E.Mollabaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni G.Dädebaýewa çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaş nesilleriň arasynda ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimizi we sungatymyzy, şonuň bilen bilelikde ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan kitaphanalarda alnyp barylýan işleri wagyz etmegi baş maksat edinýändigini bellediler.
Maslahatyň barşynda çärä gatnaşan ýaşlar özleriniň döreden şygyrlaryny we kitaplar hakyndaky oýlanma-pikirlerini buýsanç bilen beýan etdiler. Ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maslahatyň esasyny düzdi. Bu barada ýaşlaryň buýsançly çykyşlarynda has-da giňişleýin beýan edildi. Maslahatyň ahyrynda ýaşlarda kitaba söýgi döretmek, olary kitaphana giňden çekmek maksadynda şular ýaly maslahatlaryň ýygy-ýygydan geçirmek barada netijä gelindi.
Paýhas köşgi bolan kitaphanalary dünýä derejesinde gurduryp berýän, okyjylar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagy, il bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde Bütindünýä kitaphana güni mynasybetli “Kitaphana-bilimler çeşmesi” atly şygary astynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynda geçen söhbetdeşlik çäresinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyz, milli medeniýetimiz we sungatymyz, ruhy gymmatlyklarymyz we häzirki döwrüň genji-hazynasy bolan kitaplarda, kitaphanalarda alnyp barylýan işler hakynda söhbet etdiler. Bu çärä merkezi kitaphananyň işgärleri hem-de okyjy ýaşlar, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
“Kitaphana-bilimler çeşmesi” atly söhbetdeşlik çäresinde çykyş edenler kitaplaryň adamy terbiýelemekde, kämilleşdirmekde, ýaşlaryň bilim dünýäsine aralaşmagynda uly ornunyň bardygyny, kitap okaýan adamlaryň mydama gözlegde bolýandygyny, kitabyň her bir adam üçin gymmatly baýlykdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň kitaphana, ýaşlar guramasynyň, bilim işgärleri, tutuş halkymyz üçin uly baýlykdygyny aýtdylar.
Çykyş edenler halkymyzy şeýle ajaýyp zamanada işlemäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip, nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny, alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiziň janlaryny sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwlet ähmiýetli, il bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap Merkezi kitaphanasynda “Kitapsöýüjileriň baýramçylygy” atly medeni çäre geçirdi.
ÝUNESKO tarapyndan ýazyjy, şahyrlara we kitapsöýüjilere hormat goýmak maksady bilen 1995-nji ýylyň 23-nji aprelinde döredilen we şol seneden bäri her ýyl bellenilip gelinýän “Bütindünýä kitap we awtorlaryň hukugy güni” mynasybetli guralan bu medeni çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň, Görogly etrap Merkezi kitaphanasynyň jogapkär işgärleri we etrabyň çägindäki ýazyjy şahyrlar, ýaş kitapsöýüjiler gatnaşdylar. Medeni çärede Görogly etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, şahyr Kakajan Pirjanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni K.Sabyrow, Görogly etrap Merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy O.Öwezowa we okalga bölüminiň kitaphanaçysy Z.Hakyýewa dagylar bu şanly senäniň döreýiş taryhy, maksady, bellenilip geçirilişi bilen baglanşykly maglumatlar, ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň ösüşine berilýän üns dogrusynda çykyşlar etdiler. Şeýle hem medeni çäräniň dowamynda ýaş kitapsöýüjiler özleriniň iň söýgüli eserleri, we olaryň awtorlary dogrusynda gürrüňler etdiler. Şonuň ýaly-da medeni çäräniň dowamynda, çärä gatnaşýan okuwçy ýaşlar akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Medeni çärä gatnaşyjylar türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, bilim almaga giň mümkinçilikler döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, Ruhubelent etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde etrabyň merkezi kitaphanasynda kitaphananyň “Kitap-bilen açylar dünýäň syrlary” ady bilen söhbetdeşlik çäresini geçirdi.
Söhbetdeşlik çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň, Ruhubelent etrap merkezi kitaphanasynyň işgärleri çykyş edip, halkymyzyň hemişe kitap okamaklyga, öwrenmäge uly sarpa goýýandygyny, hut şonuň üçinde Guba düýesini Magtymguly Pyragynyň kitabyna çalyşan Welmyrat aganyň mysalynda halkymyzyň kitaba bolan söýgüsiniň beýiklige görüp bolýandygyny aýtdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, täze kitaplary çap etmek baradaky aladalarynyň netijesinde kitaphanadaky kitap tekjeleriniň barha baýlaşýandygyny nygtap, munuň ýaşlaryň kitap okamaklyga bolan höwesini, islegini gün-günden artdyrýandygyny, kitaphana gelýän okyjylaryň köpelýändigini guwanç bilen aýtdylar.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, Şabat etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde etrabyň merkezi kitaphanasynda kitaphananyň ýaş okyjylarynyň gatnaşmagynda Bütindünýä kitap güni mynasybetli “Kitap bilimleriň çeşmesidir” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
“Kitap bilimleriň çeşmesidir” atly söhbetdeşlik duşuşygynda çykyş edenler ata-babalarymyz kitabyň gadyr-gymmatyna oňat göz ýetirendigini pederlerimizden bize miras galan öwüt-nesihatlar, nakyllar, atalar sözi, ertekiler, rowaýatlar ýerleşdirilen kitaplar munuň anyk subutnamasy bolup durýandygyny aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan döwrebap kitaphanalaryň gurulýandygyny, olaryň kitaplar bilen üpjün edilýändigini uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Çykyş edenler kitabyň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak uly hazynadygy, şol hazynanyň açaryny ele almagyň zerurlygy, onuň adamlaryň durmuşyndaky ähmiýeti barada dürli döwürlerde ýaşap geçen ylym-bilimden ýüki ýetik danalarymyz, akyldarlarymyz gyzyla gaplaýmaly setirlerini nesillerimize miras galandygyny aýdyp, eserlerden bölekleri okap, okyjylara ýetirdiler.
Çäräniň dowamynda etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary okyjylary Gahryman Arkadagymyzyň eserleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem okyjylar türkmen nusgawy we döwürdeş şahyrlarymyzyň goşgularyny labyzly okadylar we ýatdan aýtdylar.
Çärä gatnaşyjylar il-günümiziň röwşen geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň başlygy.