Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary netijesinde atçylyk sungaty has belent derejelere ýetirilip, ahalteke bedewlerimiziň ady dünýä doldy. Ahalteke bedewlerimiz baý milli - mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganatydyr, merdem syrdaşydyr. Hut şonuň üçin-de, ähli döwürlerde ata – babalarymyz bedewlere uly sarpa goýupdyr. Behişdi bedewlerimize bagry badaşan atşynaslarymyz ýyllar boýy irginsiz zähmet çekmek bilen , seýisçilik ukyby , tälimleri bilen atçylygy ösdürip, kämilleşdirip, ony sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Bu günki günde bolsa behişdi bedewlerimiziň gözelligi, ýyndamlygy hem-de ata – babalarymyzdan miras galan at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen çapyksuwarlarynyň başarjaňlygy türkmen halkyny buýsandyryp, milli oýunlarymyzyň dünýä çykmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Netijede, türkmen halky ahalteke atyny janyndan eziz görýär. Ählisiniň gözbaşynda bolsa, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz görelde mekdebi bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” ýaly kitaplary bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky ornuna düşünmäge giň mümkinçilik berýär. Aýratyn hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitabyny okanyňda, şeýle oý- pikir dünýäsine berilýärsiň: “Türkmen hem türkmen bedewiniň bitewilik kitaby”. Bu hakykat kitabyň ilkinji sahypasynda-da belli. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Oguz hanyň pentlerini, Gorkut atanyň boýlaryny, Göroglynyň batyrlygyny we Magtymgulynyň watançylygyny bedewe erk etmek, bedewleri kemala getirmek we seýislemek sungaty bilen baglanyşdyrýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerini wasp edýän ajaýyp kitaplary, behişdi bedewlerimize goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimizde behişdi bedewleriň tohumynyň täze ugurlaryny döretmek, ähli döwürlerde gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilýän ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen ylmy- seçgiçilik işi alnyp barylýar. Pudagyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilmegi bolsa, ahalteke bedewlerine bolan beýik sarpanyň subutnamasydyr. Dünýäniň gözellik bäsleşiklerinde hemişe baýrakly orunlary eýeleýän ahalteke bedewleriniň häsiýet çuňlugyndan başga-da, olaryň owadan görnüşi akylyňy haýrana galdyrýar. Şonuň üçin hem olary gözden- dilden goramak üçin türkmen bedewiniň bezegleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Hawa, Toý gününde bedewlerimiziň bezenişi, al-ýaşyl geýnen , dürli gymmatbaha şaýlara beslenen türkmen zenanlarymyzdan kem bolmandyr. Sebäbi, behişdi bedewlerimiziň şaý -sepleri kümüşden ýasalyp, ol lagly merjenden, zümmerret daşlaryndan gaş goýlup sünnälenipdir. Aýtmaklaryna görä, kähalatlarda türkmen bedewiniň bezegi üçin ulanylýan kümüş 36 kilograma çenli baryp ýetipdir. Aty bezemek üçin ulanylýan bezeg şaý-sepleriň özboluşly atlandyryşy hem bolupdyr. Ýagny, Gaş-atyň eýerinden ýapyşmak üçin tutalga bolup, oňa gymmatbahaly daşlar oturdylypdyr. Maňlaýlyk-atyň maňlaýyna dakylýan bezeg bolmak bilen, ol gaýyşdan ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylan kümüş dakylypdyr. Olaryň dürli görnüşleri bolmak bilen esasan hem, tegelek, süýnmek görnüşlerinde ulanylypdyr. Esasy ýörgünli şaýlaryň biri hem Göwüsbent bolupdyr. Ol atyň göwsüne dakylýan gülýaka meňzeş bezeg şaýy bolup, kümüşden ýasalypdyr. ýüzüne gyzyl çaýylyp, gymmatbaha daşlar goýulypdyr.
Irki döwürlerde bezeg şaýlary diňe bir aty bezemek bilen çäklenmän söweşlerde aty naýza, peýkam, gylyç ýaly tygly ýaraglaryň ýara salmagyndan hem gorap, at üçin galkan hyzmatyny hem ýerine ýetiripdir. Sebäbi, halkymyzyň, onuň merdana gerçekleriniň öz topragyna ömürlik ykbalyny baglap, baky wepaly bolandygy bize taryhyň galyň gatlaryndan belli. Şeýle bolansoň, onuň özüne çeken bedewiniň-de , diňe şu mukaddes , keramatly toprakdan kemal tapyp, ebedi örňäp gelýändigi baradaky garaýyş ýürek töründe watançylyk duýgusyny şuglalandyrýar.
Mahlasy, ynsan hem bedew gözelligi ýurduň gursagyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bezeýär, gözelleşdirýär. Olar ýurtda gözel hem gözellik bilen ýaşamaga çagyrýar. Gözellikde bolsa erkanalyk, agzybirlik , bagt bar.
Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen, ajaýyplygy, gaýtalanmajak gözelligi bilen umumyadamzat gymmatlyklarynyň birine öwrülen bedewlerimiziň şan – şöhratyny täze belentliklere götermek üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şöhrat GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Senagat-tehnologiýa
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.