Müňlerçe ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň şan-şöhrata beslenen geçmişinde eý gören, arzylap, gorap saklan, kämilleşdiren milli gymmatlyklarynyň hatarynda dünýäde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňsiz-taýsyz derejä ýetirilen behişdi ahalteke bedewlerimiz naýbaşy orny eýeleýär.Ata-babalarymyzyň umman kimin gözýetmez pähim-paýhasyndan dörän “At agynan ýerde toý bolar”, “At dosty-ata dosty”, “At gadryny münen biler, ok gadryny atan”, “At kişňeşip tanşar, adam- sözleşip”, “At rysgaly alnynda”, “At üsti hyýally, dag başy dumanly”, “At- ýigidiň diregi, haly gyzyň ýüregi” ýaly nakyllaryň hem-de atalar sözleriniň mysalynda-da, biz halkymyzyň ynsan ýaly duýgur behişdi bedewlere näderejede belent söýgi we buýsanç bilen garandyklaryna aňrybaş derejede göz ýetirýäris. Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da soňky ýyllarda türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty ýokary derejelere göterilip, olara berilýän üns-alada has giň gerime eýe boldy. Munuň şeýle bolmagynyň ýelden ýyndam ahalteke bedewleriniň hak howandary hem-de hakyky muşdagy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesidigi bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar eden beýik hakykatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň köňül töründen syzylyp çykan meşhur “Bedew” atly goşgusyndaky:
“Baýlyk kändir asman-zemin arada,
Ýöne saňa taý geljek zat nirede?!
Dünýä halklaryny dosty-ýar eden
Bir belent ykbal sen illere, bedew!”-
diýen dürdäne setirleriniň üsti bilenem biz ajaýyp zamanamyzda ahalteke bedewlerine hormat-sarpanyň diýseň belent derejä çykandygyna, behişdi bedewlerimiziň hut ykballarymyza deňelýändigine bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirip bilýäris. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde eziz Diýarymyzyň çar künjeginde dünýäniň dürli yklymlaryndan ahalteke atlarynyň çyn janköýerleriniň gatnaşmaklarynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilip geçilmegi şol hormat-sarpanyň egsilmezdiginiň aýdyň güwäsidir.
Ýakynda, türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ýolöten etrabynyň Pagtaçylyk institutynyň eriklik meýdançasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap häkimligi, etrap Zenanlar guramasy, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde gurnamagynda edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda “Bedew sarpasy belentdir” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede medeniýet- sungat işgärleriniň aýdym-sazlary bilen, gelin-gyzlaryň milli el işleri bilen, türkmeniň milli tagamlaryny taýynlamakda, çagajyklaryň “bäş daş”, “düzzüm”, “aşyk”, “aýterek-günterek”, “küşt”, “ýaglyga towusmak”, “guşakgoýdy”, “gurttutdy”, “ýüzük” ýaly ençeme gyzykly oýunlarynyň oýnamagynda bu çäre şatlyk-şowhuna beslendi.
Çäräniň soňunda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen, ajaýyplygy, gaýtalanmajak gözelligi bilen umumyadamzat gymmatlyklarynyň birine öwrülen bedewlerimiziň şan – şöhratyny täze belentliklere götermek üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw etdiler.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.