“BÜTINDÜNÝÄ KITAP GÜNI” MYNASYBETLI “KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI” ADY BILEN GEÇIRILEN MASLAHAT DUŞUŞYGY

Bilşimiz ýaly, şahsyýetiň kämil bolmagyny üpjün edip biljek iň ygtybarly ýol okamakdyr. Gahryman Arkadagymyz kitap okamak barada şeýle belläp geçýär:”Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumyadamzat baýlygyna öwrülýär”

Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin giň şertleriň döredilmegi babatda taýsyz tagallalar edilýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen kitaphana ulgamy bilen bir hatarda  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Sebäbi kitap-kämilligiň gözbaşy. Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Ynha bugünki gün hem, Gahryman Arkadagymyz özünde çuň manyly pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eseri bolsa, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip, giň ykrarnama eýe bolýar.

Şeýle maksatlara laýyklykda, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 18-nji bendine laýyklykda, TMÝG-niň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleri, welaýatymyzda bar bolan merkezi kitaphanalar, welaýat kitaphanasy bilen bilelikde dürli çäreleri yzygiderlilikde geçirilýär.

Şugün hem ,“Bütindünýä kitap güni” mynasybetli ýaşlary kitaphanalara çekmek hem-de olarda kitaba bolan söýgini artdyrmak maksady bilen welaýat kitaphanasynda “Kitap bilen açalyň biz dünýäni” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, welaýat kitaphanasy we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen maslahat duşuşygy çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdy.

Duşuşyga Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, kitaphana ulgamynda zähmet çekýän kitaphanaçylar, talyplar we mugallymlar gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynda çagyrylan myhmanlar çykyş edip, olar kitabyň bilimleriň binýatdygy dogrusynda, kitabyň adamyň aňynda kemala gelýän pikirleriniň we durmuş akymynyň arasyndaky arabaglanyşygy sazlamak bilen özboluşly täsir edýän güýçdigi dogrusynda çykyş etdiler. Mundan başga hem, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwrebap kitaphanalaryň bina edilýändigi we bu kitaphanalaryň “paýhaslar köşgüni” ýadyňa salýandygy dogrusynda buýsanç bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uza, il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Annamuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER