Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýan döwletimiz ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işler barha giň gerime eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýaşlar syýasaty hem giňden dabaralanýar. Üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň özi ýurdumyzda ýaşlara bolan ynamdan söz açýar. Ýaşlarymyz Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri bolsa dörediji ýaşlar üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr, nusgalyk görelde mekdebidir.
Hormatly Prezidentimiziň “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen sözleri türkmen ýaşlarynyň döwrebap derejede bilimlerini özleşdirip, ata Watanymyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşmagy ugrunda güýç-gaýratyny gaýgyrmaýan zähmet çekmelidiginiň beýanydyr.
Häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy üçin diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarynyň öňdebaryjy döwletlerinde hem giň mümkinçilikler döredilýär.Muňa mysal hökmünde, türkmen ýaşlarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim alýandygyny görkezmek bolar. Şu nukdaýnazardan, Hormatly Prezidentimiziň dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen parahatsöýüjilikli ynsanperwer daşary syýasatyny we onuň halkara başlangyçlaryny, ýurdumyzyň dünýä ýurtlaryny arasyndaky Bitaraplyk derejesiniň many-mazmunyny ýaşlara giňden düşündirmek hem-de daşary ýurtlara okamaga, söwda etmäge, işlemäge, gezelenç we beýleki maksatlar boýunça gidýän ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda bolýan wagtlary şol ýurtlaryň kanunlaryna hormat goýmak we berjaý etmek bilen özlerini mynasyp alyp barmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, Ýolöten etrap migrasiýa gullugy, Ýolöten etrap Polisiýa bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň 7-8-9-njy orta mekdebiniň okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Watanymyzyň geljegini gurujylar ýaşlardyr” ady wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Täsirli geçen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyşlara giň orun berlip, olar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlaryň sagdyn bedenli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin terbiýeçilik-düşündiriş işlerine uly üns berilýändigi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidigi barada çagyrylan myhmanlar durup geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda, çärä gatnaşyjylar Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Şarifa AZAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.