“TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY, ŞÖHRAT-ŞANLY BEDEWLER”

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde  örän uly ähmiýet berilýär. Gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan ahalteke bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara bähbitli tejribeleri alyşmak boýunça köp işler ýerine ýetirilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde “Türkmen bedewiniň milli baýramynyň” belent derejelerde toýlanylmagy hem, döwlet derejesinde  atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýändiginden nyşandyr.

Ýakynda, “Türkmen bedewiniň milli baýramy” mynasybetli “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary şäher komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda “Türkmeniň uçar ganaty, şöhrat-şanly bedewler” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Duşuşyga syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy Maýsa Agahanowa, TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň başlygy Resul Baýramow, şeýle-de, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şahamça müdiri, TDP-niň işjeň agzasy Sytdyh Rahmanow dagylar çykyş etdiler.

Çäre gatnaşyjylar öz çykyşlarynda halkymyzyň milli buýsanjy we gymmatlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň geçmiş taryhy, egsilmez şan-şöhraty, synmaz gözelligi, dünýä medeniýetinde tutýan orny hakynda täsirli çykyşlar etdiler. Mundan başga hem Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly dünýä nusgalyk kitaplaryndaky ahalteke bedewlerine goýulýan beýik waspy, türkmeniň atşynaslyk, şeýle hem seýisçilik sungaty barada giňişleýin durup geçdiler. Sözleriniň ahyrlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny we tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.  

 

Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK