“BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI” atly döredijilik bäsleşigiň institut tapgyry geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.  Paýhasy bilen döwrüň badyna kuwwatly tizlik goşan Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! , Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen asylly we parasatly şygarynyň daşynda ýaşlarymyz bir gala deýin jebisleşip, diňe öňe – ýeňişlere tarap tükeniksiz güýç-gaýrat bagyşlap, ata Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Tuguny belentde parladýarlar.

 Hakykatdan hem, eziz Diýarymyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet gaýnap joşýar. Şolarda zähmet çekýän raýatlaryň aglaba böleginiň ýaşlar bolmagy bolsa, biz talyplary diýseň buýsandyrýar.   Täze taryhy döwürde ýaşlar öz zehinleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşup, olaryň iň döwrebap tehnologiýalara erk etmekleri, dünýä dillerini bilmekleri bolsa, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Arkadagly Serdarymyz biz ýaşlara ýüzlenip: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip bellemegi,  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýaşlara uly ynamyndan nyşandyr. Munuň özi hem röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny alamatlandyrýar.

Ýakynda, Arkadagly Serdarymyzyň: “Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir”diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Ýeňiş güni mynasybetli talyp ýaşlaryň
zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň. Türkmenistanyň Bilim  ministrligi bilen bilelikde  ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan eden “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigiň institut tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň institut tapgyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan gurnalyp, bäsleşige bir-birinden zehinli, medeniýetden we sungatdan, döredijilikden oňat baş çykarýan, kalplary Watana hem-de halka buýsanç duýgularyndan püre-pür talyplaryň 7-si gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi jemi 3 şertden ybarat bolup, talyp ýigitler öz aralarynda özüniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etmekde, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” bilen baglanyşykly özüniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesi bilen aýdym-saz, goşgy ýa-da sahna ýerine ýetirmekde we ýekelikde şorta sözi ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçip, emin agzalaryň beren netijeleri boýunça Baş baýraga Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Hanjar Ödäýew mynasyp bolup, ol Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýigitlere bolsa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýat Geňeşiniň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösmegi, okamagy we öwrenmegi, döretmegi we gurmagy babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin talyp ýigitler Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Rüstem ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň Energo-tehnologiýa

fakultetiniň 3-nji  ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK