“ÝYNDAMLYKDA BELLI TÜRKMEN BEDEWI”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň toý gününiň bezegi, kynçylykly gününiň söýegi bolan bedewlerimiz ähli döwürlerde söýgülenip, guwanylyp, arzylanypdyr. Bu günki gün bolsa, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň bedew atlarymyz barada durmuşa geçirýän çäksiz uly işleriniň netijesinde olar döwrümiziň rowaçlyklarynyň, üstünlikleriň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk sport toplumlarynyň açylmagy, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hereket etmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesinde uly şan-şöhrata eýe bolandygynyň subutnamasydyr. Tarypyna söz ýetmeýän bedewlerimiz türkmen halky üçin gymmatly mukaddeslikdir.Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilmegi bolsa, halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu jandaryň ornunyň biçak uludygyny aňladýar.

Mälim bolşy ýaly, aýlawlary baglan, ýedi yklyma at-owazasy ýaýylan türkmen bedewleriniň waspy, behişdi bedewlerimiziň şöhraty bu gün dillerde dessan. Halk yrymlarynda hem bellenilişi ýaly, at toýnagy düşen ýerlerde bereket, döwlet bolýar. Ýelden ýüwrük, gamyşgulak bedewlerimize uly hormat goýýan ata-babalarymyz öz wepaly dostuny – atyny ýanyndan goýmandyr, oňa “dost, syrdaş, gardaş” diýip ýüzlenipdir. “Görogly” şadessanynda bedewe “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” diýlip aýdylmagy, atyň gardaşa deňelmeginiň ýöne ýerden däldigi aňladylýar. Görogly beg bir sözünde, “At ýigidiň ganatydyr” diýýär. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew öz goşgusynda şeýle beýan edýär:

“At ýigidiň ganatydyr” diýen söz,

Ýöne ýere dörän däldir aslynda.

Türkmen bedewi deý ganatly jandar,

Meger, ýokdur bu Zeminiň üstünde.

Hakykatdan hem, behişdi bedewleriň düşbüligi, wepadarlygy, duýgurlygy olara bolan sarpany, buýsanjy has-da artdyrýar. Olaryň  owadanlygy, ýyndamlygy şahyrlar üçin ylham çeşmesi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly ajaýyp eserlerinde gyz gylykly, ynsan ýaly syzgyr, uzak asyrlaryň dowamynda ýüwrükligi we uzak ýollary geçmäge çydamlylygy bilen dünýäni haýrana goýan bedewlerimiziň tarypynyň ýetirilmegi bolsa, eziz Watanymyzyň mertebesiniň has-da beýige galdyrylmagydyr.

Şu pursatdan peýdalanyp, ajaýyplygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen umumyadamzat gymmatlyklarynyň birine öwrülen bedewlerimiziň şan – şöhratyny täze belentliklere götermek üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Aýnur REJEPOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň 2-nji ýyl talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK