DÜNÝE ADAMA DOSTMY ÝA DUŞMAN?!

Gadym zamanlarda ýaşap geçen bir patyşa üýtgeşik bir köşk gurmagy buýranmyşyn. Onuň içinde her hili ajaýyplyklar köp eken. Şolaryň biri hem köşkde ýerleşýän ähli tarapy — diwarlary, ýokarysy, aşagy aýnalar bilen örtülen zalmyşyn. Ol aýnalar şeýle bir durymyşyn welin, zala girenler alnynda aýnanyň barlygyny birbada oňly saýgarybam bilmeýärmişinler. Şeýle-de ol zalyň diwarlary hem täsin usul bilen ses ýaňlanar ýaly edilip gurnalanmyşyn.

Bir gezek ol zala bir it girenmişin. Özüni ähli tarapdan — töwerekden, aşakdan, ýokardan gurşan itleri görüp, janawar haýran galypdyr. It dişlerini ýalpyldadyp, hyňranypdyr. Töwerekdäki itleriň hem bary oňa hyňranyp jogap gaýtarypdyrlar.

Gorkudan ýaňa zähresi ýarylara gelen janawar üýrmäge durupdyr. Onuň sesi diwara düşüp ýaňlanyp, gaýtalanypdyr.

It näçe çasly üýrse, şonça-da ýaňlanypdyr. It töweregine — howa agyz salyp, iki ýana topulypdyr. Onuň şekilleri hem dişlerini şakyrdadyp, kem galarly dälmişinler. Ertesi irden hyzmatkärler it janawary dem-düýtsiz ýatan halda tapypdyrlar, onuň töweregi hem öli itlerden dolumyşyn.

Zalda it janawara jinnek ýalyja hem zyýan ýetirip biljek janly-jemende ýok eken. It özüniň şekilleri bilen garpyşyp heläk bolupdyr.

Dünýe öz-özünden saňa ýagşylygam, ýamanlygam getirmez. Ol saňa dostam däl, duşmanam. Daş-töweregimizde bolup geçýän zatlaryň ählisi bary-ýogy biziň pikirlerimiziň, duýgularymyzyň, isleglerimiziň, hereketlerimiziň aýnada görünýän şekilidir. Dünýe — bu uly aýna.

 

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR