GURLUŞYK ULGAMYNDA ÝAŞLARYŇ ORNY

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başy başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi bu günki gün üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda ýurdumyzda ýokary depginler bilen barha ösýän gurluşyk pudagyna möhüm orun degişlidir. Yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän dürli durmuş-medeni maksatly, ylym-bilim, saglyk, sport maksatly binalaryň sany barha artýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyna äşgär edýän aýdyň hakykatdyr. Batly depginde rowaçlanýan Arkadag şäherinde hem muny aýdyň görýäris. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän gurluşyk ulgamynyň halkara sergisi bolsa bu ugurda gazanylan üstünlikleri halka ýetirmekde, dünýä tanatmakda, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.

Gurluşyk pudagynda ökde hünärmenleri taýýarlamaga, olara ýokary derejede bilim bermäge aýratyn üns üns berilýär. Munda täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli enjamlaryň we tehnikalaryň iň soňky gazanylanlary ornaşdyrylýar. Bu ugurda bilim alýan ýaşlaryň hünär başarnyklaryny has kämil ele almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary nazary bilimlerini iş ýüzünde amal etmekleri üçin yzygiderli hünär tejribelikleri geçip bilim başarnyklaryny, ukyplaryny artdyrýarlar. Ýurdumyzda gurulýan binalaryň gurluşyk taslamalaryna bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň işjeň gatnaşmagy ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr.

Gurluşyk ulgamyny ösdürmekde, ata-babalarymyzdan gözbaş alýan binagärlik sungatymyzy ýokary derejelere çykarmakda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldesi ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alyp, Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerine amal edip gurluşyk ulgamynda netijeli we üstünlikli zähmet çekýärler. Her pursady zähmet üstünlikleri bilen garşy alýan gurluşyk pudagynyň geljeginiň parlakdygyna buýsanjyň artýar. Çünki bu pudakda kämil bilimli, tehnologiýalara erk edýän we taslamalary işläp taýýarlamaga ukyply gurluşykçy nesil kemala gelýär.

Bize ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Bizi ýagty geljege alyp barýan we her bir günimiziň bagtyýarlyga beslenmegi üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Nurýagdy GALPAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY