Daşary ýurt dilini kämil bilmek adamyň ruhuny baýlaşdyrýar, dünýägaraýşyny we gözýetimini giňeldýär, beýleki ýurtlaryň taryhy, medeniýeti we edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle hem öz işinde Internet global torunyň kuwwatynyň çeşmelerini peýdalanmaga, maglumat we kommunikasion tehnologiýalary ulanmaga, dünýä tejribesini öwrenmäge giň ýol açýar. Has çuňňur bilim-düşünje toplamak üçin hem iňlis diliniň ähmiýeti uludyr. Dil bilýän adam täze açyşlar bilen birinji bolup tanyşýar we durmuşa ornaşdyryp bilýär. Dil öwrenmek üçin bolsa biziň ýurdumyzda ähli şertler bar.
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň atalyk aladalary bilen ýurdumyzyň abraýy dünýä derejesinde barha belende galýar. ýurdumyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň has gowy hünärmenler bolup ýetişmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Okuw mekdepleriniň kompýuterler bilen üpjün edilmegi, internet ulgamyna birikdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ylmy-tehniki ösüşi bilen aýakdaş gitmek döwrüň esasy talabydyr. Sebäbi ýaşlar islendik döwürde-de özlerinde zamananyň öňdebaryjy ruhuny jemlemek bilen täzeligiň, gözlegleriň höwesinde bolýarlar.
Häzirki döwürde dünýä ähmiýetli dilleriň hatarynda iňlis dili möhüm oruna eýedir. Bu dil halkara gatnaşyklary, syýasy, diplomatik, ylmy, lukmançylyk, bilim, medeniýet we işewürçilik ulgamynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Iňlis dili ählumumy aragatnaşyk serişdesi hökmünde ykrar edilýär.Maglumatlara salgylansak, dünýä ýüzünde bir ýarym milliarda golaý adam iňlis dilinde gürleýär. Bu dil 500 million adam üçin ene dili bolup durýar. Dogrusy, bu maglumatlar şertli bolup durýar, çünki, iňlis dilinde gürleýänleriň anyk sanyny kesgitlemek aňsat däl. Ýöne iňlis dili dünýä ýüzünde barha giňden ulanylýar.
Tehnologiýa ulgamyndaky häzirki zaman işläp taýýarlamalary, şol sanda internet ulgamy iňlis dilli bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Innowasion tehnologiýalara erk etmekde iňlis diliniň öwrenilmeginiň zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalar baglaryndan başlap orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Ylmy neşirler, okuw we çeperçilik edebiýatlary, filmler we sazlar iňlis dilinde taýýarlanylýar. Häzirki zaman hünärmeni häzirki döwürde iňlis dilini bilmezden dünýä maglumatlar giňişliginde hereket etmegi kyn bolup durýar. Adamzadyň durmuşynda şahsy kompýuterleriň we habar beriji tehnologiýalaryň tutýan ornunyň düýpgöter üýtgemegi okuwlaryň guralyşyna ýiti täsir edýär. Täze innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy bize örän köp maglumatlary toplamaga, olaryň üstünde işlemäge ýardam berýär.
Bilim ulgamy üçin ýörite işlenip taýýarlanylan multimediýa usullary diňe bir ýaşlaryň bilime, özbaşdak ylym almaga bolan höweslerini ösdürmän, eýsem, olaryň döredijilik ukyplaryny artdyrmaga kömek edýär. Mundan başga-da olar bilim ulgamyndaky netijeliligiň ýokarlanmagyny, mugallymlaryň, talyplaryň wagtlarynyň ýokary derejede tygşytlanmagyny şertlendirýär. Şeýle mümkinçilikler orta mekdeplerden başlap ähli ýokary okuw mekdeplerinde hem giň gerim alýar. Ýaşlaryň dünýä innowasiýasynyň gazanylanlaryny öwrenmek, özlerinde nazary düşünjeleri kemala getirmek üçin oňyn şertler döredilýär.
Döredilýän ähli amatlyklar we giň mümkinçilikler biz — bilim ulgamynyň işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz biz — ýaşlar barada bimöçber aladalar edip, okamak, öwrenmek, döretmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, biz — ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän ynamyna jogap edip, döwrebap bilimli we kämil hünärmenler bolup ýetişmek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Murad SABUROW,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň mugallymy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.