EKOLOGIÝA SYÝASATYNDA ÝAŞLARYŇ MYNASYP ORNY

Ýaşlar ýurdumyzyň geljegini gurujylardyr. Geljek ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly mynasyp nesillere baglydyr Ekologiýa syýasatynda ýaşlaryň işjeň goşulmagy munuň özi şeýle bagtyýar geljegi gurujylar üçin kämil binýat bolup durýar. Ýaş nesliň asylly ýörelgelerden ugur alýan ählihalk çärelere işjeň goşulyşmagy döwletimizde sagdyn pikirli, kämil, asylly terbiýeli ýaşlaryň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ählihalk ýowaryna gatnaşmak, el-ele berip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak her bir ýaş nesil üçin belent jogapkärçilik hem-de bagt bolsa gerek. Döwletli tutumlaryna goşulyşmak ýaşlary her bir işde ruhlandyrýar hem buýsandyrýar. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz biziň her birimize nusgalyk görelde bolup durýar. Tebigatymyzyň gözelleşmegine mynasyp goşant bolup durýan ählihalk ýowaryna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp ak pata bermegi Watanyň geljeginiň kuwwatly nesili üçin mynasyp çagyryşdyr.

Ýaşaýan sredamyz – bu biziň öýümiz hasaplanýar. Ony gorap saklamak ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Jemgyýetiň syýasy guramasy hökmünde döwletiň ekologik wezipesi onuň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ulgamynda aýratyn orun tutýar. Jemgyýetiň we tebigatyň özara gatnaşygynyň ähmiýetiniň artmagy, ekologik ýagdaýyň ýitileşmegi döwletiň içerki wezipeleriniň biri hökmünde özbaşdak ekologik wezipäniň ýüze çykmagyna getirdi. Türkmenistan döwletiniň ekologik wezipesi daşky tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagy, jemgyýetiň ekologik we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp utgaşdyrmagy üpjün etmekden, adamyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly tebigy gurşawa bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekden we goramak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Tebigy gurşawy goramagyň ynsanperwerlik häsiýetde bolmagy, ýagny tebigaty goramagyň üns merkezinde adam, onuň ýaşaýşy we saglygy hem-de abadançylygy durýar. Başgaça aýdylanda ähli tebigy gurşawy goramak meseleleri ilki bilen adamyň saglygyny goramak arkaly çözülýär. Ýurtda ekologik howpsuzlygy, ýagny adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, iň ilki bilen arassa, sagdyn, ýaşaýyş üçin amatly tebigy gurşawa bolan goraglylyk ýagdaýyny üpjün etmek Hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde durýan meseledir. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, tebigy serişdeler adamyň ýaşaýşynyň we işiniň esasy hökmünde rejeli peýdalanmaga we goralmaga degişlidir. Türkmenistan döwletimiz adamyň, raýatyň ekologik hukuklaryny goraýar, kepillendirýär.

Ekologiýany goramak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Döwletli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris! Ýaşlara nusgalyk görelde bolup belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun

 

Serdar ŞYHYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar