AT-ÝIGIDIŇ DIREGI, HALY GYZYŇ ÝÜREGI

Türkmen halysy türkmen zenanlarynyň yhlasy, mähiri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan Türkmeniň özboluşly, nepis sungatydyr. Türkmen halysy öz gözbaşyny  ene topragymyzdan alyp gaýdýar, we ondaky keşdeler bolsa Türkmen tebigatny, gülleri, haýwanlary, derýalary, daglary şeýle hem Güni we Aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimizdir, milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir.

Halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanşyklydyr. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler . Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrasyna haly dokalypdyr, soňra ol ilkinji ädimlerini şol halyda ädipdir. Çarwa öýleriniň gapysyndan “gapylyk” diýlip atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Türkmen hojalygyndaky esasy haly “maşgala daragty” bolup hyzmat edip, ol maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Türkmen halky haly bilen baglanşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr, gadymdan gelýän sungat eneden gyza geçipdir.

Haly dokalanda wagt, güýç-gaýrat hiç hili gaýgyrylmaýar, haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy baýlyga, gymmatlyga deňelýär. Haly Türkmen halkynyň adyllyga bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, ol bolsa Türkmen medeniýetine dolulygyna siňdirilipdir. Türkmen medeniýeti bolsa Türkmen halkynyň milliligi, mirasy Türkmen halkynyň buýsanjydyr. Türkmen halylarynyň esasy aýratynlygy hem olaryň gölleridir, nagyşlarydyr.

 

Leýli ÇARYGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

05 Iýun 2023 | 24 okalan

SAŇA MEŇZEÝÄRINMI, KAKA?

24 Maý 2023 | 144 okalan

AT-ÝIGIDIŇ DIREGI, HALY GYZYŇ ÝÜREGI

22 Maý 2023 | 419 okalan

MERSEDES MAŞYNYŇA ÝER TAÝÝARLA