ALBOMDAKY SURAT

“Çagalary goramagyň halkara gününe”

Öýde bir wagtky surat albomymyň gatlaryna göz aýlap otyryn. Dürli wagtlardaky suratlar tanyşlarym, ýakynlarym bilen bilelikde bolan ýakymly ýatlamalary ýadyma saldy. Ine birdenem dört-bäş ýaşly oglanjyk wagtymdaky suratma gözüm düşdi. Dogry, ol surat mundan otuz bäş ýyldan gowrak ozal düşürilen surat bolansoň häzirki ýaly reňkli surat däldi. Ýöne kakam meniň elime bir dilim garpyz alyp iýjek bolup oturan suratymy aldyrypdyr. Belki, suraty kakamyň özi düşüren bolmagam mümkin. Çaga wagtymyz öýümizde “Fet-2” atly surata alýan apparat bardy. Käte-käte kakamyň ol fotoapparatynda bizi surata düşüräýmesi bardy. Ol ýeri maňa mälim däl. Çagalykdaky suratym bir pursatlyk meni çagalygyma alyp gitdi. Şol pursat edil şol suratdaky ýaly çagajyk bolmagy örän küýsedim. Hiç hili alada ýok, her basan ädimiň şatlykdan doly çagalygyny küýsemeýän barmy? Ýöne bu hiç wagt hasyl bolmaýan, şol bir wagtda hem hiç wagt kalbyňdan aýrylyp gitmeýän süýji arzuw ahyry. Çagalyk dünýäme syýahat edip oturşyma ýanyma bäş ýaşlyja oguljygym Mergeniň gelenini duýman galypdyryn. Ol hem suratdaky çagany görkezip “kaka, bu kim?” diýip sorady. Men ýylgyryp “Ol sen oglum” diýsem, ol geň galyp “meniň oň ýaly köýnegim, ýoga, elimde garpyzam ýok” diýdi. Men oglumyň sözlerine ýylgyrdym. Dogrusy çagalyk dünýäme  dolanmak baradaky edip oturan süýji arzuwym hasyl bolan ýaly boldum. Sebäbi diýseň men ýylgyrsamam, oglum ýylgyrmady, onuň kiçijik ýüzünde, garaja gözlerinde çynlakaýlyk bar, özem beren sowalynyň anyk jogabyna garaşýar. Onsoň men “bu men oglum” diýdim. Bu gezek oglum güldi “kaka ol kiçijik çaga ahyry, sen ullakan adam-a”, ogluma goşulyp menem güldüm. Özem edil çagajyk ýaly hezil edip ýürekden güldüm. Soň ogluma düşündirdim. Ýöne albomdaky surat bir pursatlygam bolsa, azajyk wagtam bolsa meni çagalygyma syýahat etdirdi. Öz ýanyndan şu suraty aldyran kakama ýene-de bir gezek minnetdar boldum. Görüp otursam albomdaky bu suratym ýöne–möne bir surat däl eken-de, meniň iň bir gymmatly, iň bir hezil döwrümiň  bir sahypasy eken. Suratmy elimden goýman esli wagt oturdym. Suraty  albomyň arasyna salyp ýerine goýanymda, göýä iň bir gymmatly zadymy aýawly ýerde goýýan ýaly duýgyny başdan geçirdim.

Oglum bireýýäm ýanymdan gidipdir, ol oýnawaçlaryny düzüp, bir zat bilen başagaý. Oglumyň bütin durky bilen oýuna berlip, oýnawaçlaryna güýmenip oturyşyny görüp men ýene-de öz çagalygyma dolanan ýaly boldum. Şu pursatda biz hakykata düşünip galdym. Asyl görüp otursam çagalyk adamzady hiç wagt terk edip gidenok eken. Bu gymmatly dünýä her bir maşgalada basgançak-basgançak çalşyp, nesilden-nesile geçip dowam edýän ekeni. Meniňem çaglygym meni terk etmändir, ol oglum Mergeniň mysalynda  gaýtalanyp  dowam edýär.

Ýyllar yza sary etsedi öwrüm,

Çagalygma dolansadym bir pursat,

Dolanyp gelsediň çagalyk döwrüm,

Saňa dolanmaga etseler rugsat.

 

Hyýalymda çagalygma dolanýan,

Ine-de men bäş ýaşlyja çagajyk.

Oýnap, gülýän çagalykdan doýmaýan,

Dur çagalyk howlukma sen azajyk.

 

Töwerege şatlyk paýlap gülýänsiň,

Uly-kiçi bary seniň daşyňda.

Bir ýylgyryp hemmäň göwnün alýansyň,

Gaýgy-alada ýok çaga başyňda.

 

Bir pursat aýak çek altyn çagalyk,

Az wagtlygam bolsa bol maňa syrdaş,

Hakydamda gol bulaýaň çagyryp,

Bir görseň-ä ýakyn, bir görseňem daş.

 

Ömür ýumagymyň başlangyjy sen,

Çagalygym ýüzüň öwürme menden,

Nirde bolsamam, nirä gitsemem,

Hiç wagt aramy açmaýyn senden

 

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY