BEHIŞDI BEDEWIŇ ÇAWY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen eziz Watanymyz şanly ösüşlere beslenýär. Şol ösüşler milli-ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna giň ýol açýar. Ahal-teke bedewlerimiz baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, halkymyzyň telwasly göwünleriniň uçar ganatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan joşup çykýan ajaýyp kitaplarynda menzilleri tiz aşýan ahal-teke bedewlerimiz barada giňişleýin söhbet edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitaby halkymyzyň şöhratly ahal-teke bedewine bolan garaýşynyň paýhas bossanyna täsin syýahatdyr. Kitap häzirki döwri hem-de taryhy bir sapaga düzüp, okyjylary halkymyzyň geçmişi, şu güni we geljegi baradaky pikir ýöretmeleri bilen tanyşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerine bagyşlanan beýleki kitaplary ýaly, bu kitap hem türkmen bedewlerine bagyşlanan nakyllara, pähimlere, parasatly sözlere, taryhy we edebi maglumatlara, suratlara baýlygy bilen dessine ünsüňi özüne çekýär.  Bu ajaýyp eser döredijilik adamlary, ýazyjy-şahyrlar, dürli pudakda işleýän adamlar, şeýle-de kitaphana işgärleri üçin ylham çeşmesi, gollanma bolup durýar.

Atşynaslaryň aýtmagyna görä, ahal-teke bedewleriniň reňklerine uly üns berilýär. Bu atlaryň gylyk-häsiýetleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ahal-teke bedewlerimiziň dor at, gyr at, boz at, dür at ýaly reňkli görnüşleri bilen Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynda tanyşmak bolar. Şeýle hem kitapda alaja bedewiň gije bilen gündizi, ak bedewiň aklygy, öňündäki açyk ýollary, geljegiň ýagtylygyny, gara bedewiň gijäniň tümlügini, ynsanyň açylmadyk syrly kalbyny, mele bedewiň türkmeniň mele çägesini, çogly güneşini aňladýandygyny, bedewleriň reňkiniň aňyrsynda müň bir manynyň gizlenip ýatandygy barada gyzykly maglumatlar berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň bu işinde ýyndamlygy, duýgurlygy, çydamlylygy, akyllylygy bilen halkyň söýgüsine mynasyp bolan bedewlerimiziň «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Atdyr ýigidiň ýoldaşy» «At — ýigidiň myrady» ýaly aýtgylaryň, «Bedew atyň ýorulmasyn!», «Atyň ýörgür bolsun!» ýaly alkyş-dilegleriň döremegine sebäp bolanlygy barada aýdylýar. Türkmenler atyň ynsany bejerijilik häsiýetiniň barlygyna ynanypdyrlar. Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, at münüp ýören adama ýürekagyry, bilagyry, bogunlara duz ýygnanma ýaly dertler duş gelmeýär.

Taryhy maglumatlara ser salanymyzda, türkmen öz çagalaryny ýaşlykdan at münmäge uýgunlaşdyryp, olara harby tälimleri öwredipdir. Rus ýazyjysy W.A.Baranowiskiý bu hakda şeýle ýazýar: «Ahalyň ähli ýetginjekleri çagalygyndan başlap at üstünde. Olar ýigit çykan wagtyndan başlap, ýow gaýtarmaga gatnaşyp ugraýarlar». Halkymyzyň bedew ata yhlasy şundan hem mälimdir. Çünki oňa atlananyň howalasy belent bolýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly çuň manyly, ajaýyp kitabyny okanyňda bedew atyň türkmen üçin ähli dünýä baýlygyndan ýokary durýandygyna göz ýetirýärsiň.

Türkmen aýlawlarynyň ýaraşygy, türkmen toýlarynyň bezegi bolan dal bedewlerimize, goý, mydama ýeňişler ýar bolsun, şan-şöhraty äleme dolsun ! Türkmen atlarynyň mertebesini dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak, ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň

Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň

I derejeli kitaphanaçysy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY