Ählumumy asudalygyň we hoşniýetligiň tarapdary bolan ynsanyýet öz öňünde belent maksatlary öňde goýýar: birek-birege mähirli gatnaşyklar, dostluk, söýgi we ýene-de bolup biläýjek ähli oňatlyklar.
Ähli döwletlerde bolşy ýaly, Türkmenistan hem şeýle oňatlyklar bilen gurşalan döwlet. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, dünýäde asudalygyň we parahatçylygyň şäheri diýlip ykrar edilýär. Munuň şeýledigini bu künjegiň «Aşyklaryň şäheri», «Aziýanyň merjen şäheri», «Ak mermerli binalaryň şäheri», «Merkezi Aziýanyň ylalaşdyryjy merkezi» diýlip atlandyrylmagy-da subut edýär.
Ählumumy oňatlyklar barada gürrüň edilende, sporta aýratyn orun degişlidir. Sport ynsanlary birek-birege ysnyşdyrýan güýçdir. Ol diňe bir ýaryşlaryň toplumy däldir. Sport arkaly dostlaşmak, özara ysnyşmak we hoşniýetli gatnaşyklara ýol açmak mümkindir. Ýurdumyzda sportuň giň gerim almagy, daşary syýasatymyzda esasy ugurlaryň hatarynda görülmegi Watanymyzyň dünýäde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlykly gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bolýar. Çünki sport sebitde we dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň nusgasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köpetdagy etekläp oturan Aşgabat uly ösüşleri, ägirt uly özgertmeleri başdan geçirýär. Merjen paýtagtymyzyň gündelik taryhy senenamasyna altyn sahypalar ýazylýar. Taryha nazar aýlasak, Aşgabat sebitde ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny, ralli ýaryşlaryny kabul etdi. Munuň özi gülläp ösýän milli sportumyzyň halkara sport ulgamynda ýeten belent ykrarnamasy bolup, şol bir wagtda, dünýäniň halkara sport guramalary tarapyndan Merkezi Aziýada dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetliligiň merkezine öwrülen paýtagtymyza bolan sarpanyň we ynamyň aýdyň subutnamasydyr.
Nurýagdy GALPAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.