2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrap bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde Görogly şäherindäki «Nur» söwda we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň ýurdy» atly baýramçylyk dabarasyny guradylar. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe nesilleriň gatnaşmagynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşiniň, etrap bilim we medeniýet bölümleriniň jogapkär işgärleri, Görogly etrabynyň çägindäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler, olaryň terbiýeçileri, we ene-atalary gatnaşdylar. Körpe nesilleriň baýramçylyk dabarasynda etrap medeniýet bölüminiň işgärleriniň, hem-de dürli ýaşdaky çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ata Watanymyzy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar belentden ýaňlandy. Çagalar öz öwrenen goşgularyny okadylar. Dabara gatnaşýan ene-atalar hem körpe nesillere bagtyýar çagalygy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Hudaýnazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.